Siziň üçin...Slider

Eziz öýüm – asylly perzendim

08-11-2022 / 15

Terbiýeli perzendi ösdürip ýetişdirip, il hataryna goşmak örän uly jogapkärçiligi talap edýär. Biziň şu günki gün perzentlerimize berýän terbiýämiz geljekde onuň bütin ykbalyny kesgitleýär. Şonuň üçinem eger-de biz çagalarymyzy göwnümize jaý, saýhally, iliň derdine ýarar ýaly edip terbiýeläp bilsek, olara iň uly ýagşylyk etdigimizdir.

Çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly, peýdaly, işe sarp eder ýaly, mekdeplerde dürli gurnaklara gatnamaklaryny gazanmaly ýa-da dynç alyş seýilgählerine, kino-konsert zallaryna gitmekligi gurnamaly. Käte olary daşrak ýerlere gezelençlere goýbermek dünýägaraýşyny, gözýetimini, düşünjesini giňeldýär. Iň esasan-da çaga berilýän üns olara bolan söýgi, yssy mähir çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde ruhy we beden taýdan kämil, şähdaçyk, göwnühoş bolmagy bilen bir hatarda ruhubelentligini üpjün edýär.

Perzent üçin ene-atanyň mährine, söýgüsine taý geljek zat ýokdur. «Atanyň sözi hikmet, enäniň sözi rähnet» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar. Ene ýyly mähri,  mylaýym hüwdüsi bilen iň oňat umydyny, arzuw-islegini balasynyň kalbyna siňdirýär. Şol yssy mähirem perzendi mukaddes ojaga, eziz öýüne ömürlik baglaýar. Ene perzentleriniň her birine ýüreginiň töründen orun berýär. Ata mährinde hem düşündirip bolmaýan bir özboluşlylyk bar. Eger-de ata «oglum» ýa-da «gyzym» diýip balasynyň başyny sypalasa, onda çaganyň kalbyny üýtgeşik bir duýgy gaplaýar, onuň bedenine mylaýymlyk ýaýraýar. Şonuň üçinem perzent üçin uly-kiçi tapawudy ýok, ata-ene mährinden ganma-da ýokdur, doýma-da. Maşgalada ene-atanyň birek-birege hormat-sylagy, ynamy çaga terbiýesinde örän wajypdyr we ähmiýetlidir. Sebäbi çaga özüniň ene-atasynyň edýän hereketlerini gaýtalaýar, görýär elmydama ýadynda saklaýar. Şonuň üçinem bu mesele iňňän çynlakaý, akylly-başly çemeleşmelidir. Ene-ata çaga üçin ilkinji we ömürlik terbiýeçidir. Şol sebäpli-de olar bilen dogruçyl hem açyk gürleşmelidir. Çagalara diňe oňat söz aýdanyň, öwüt-ündewiň edeniň ýeterlik bolman, eýsem, durmuşyň her bir pursadynda terbiýeläp durmalydygyny ýatdan çykarmaly däl. Biziň herimiz wagty gelende, gartaşan döwürlerimizde olara beren terbiýämiziň netijesini göreris, çagalarymyz geljekde biziň rahat garrylygymyzdyr.

Ogluň bilen dost hökmünde göwündeş bolup, ony köpräk diňläp, durmuşyň kynçylyklaryny nähili ýeňmelidigini häli-şindi ýatladyp durmaly. Gyzyňa-da syrdaş bolup, hal-ýagdaýyny sorap, iň ýakyn jorasy ýaly bolmalydyr. Aslynda, ene-ata ogul-gyzynyň içki pikirini, nämeden ejir çekýändiklerini, isleg-arzuwlaryny hökman bilmeli, kynçylykda arka durmaly. Eger-de säwlik zerarly goh-galmagal bolan ýagdaýynda-da örän asuda ýagdaýda çözjek bolmaly. Sebäbi güýçli sesiň, dartgynly ýagdaýyň netijesinde çaganyň gorkmagy mümkindir. Bu-da çaganyň ruhy we saglyk ýagdaýyna örän agyr täsir edýär. Ene-ata her bir perzendiniň häsiýetlerine görä gürleşmeli, elmydama mähirli bolmaly. Her bir çaganyň özüne mahsus başarnygy, ukyby bolýar. Şoňa-da açyp bilýän, goltgy berip bilýän ene-atadyr.

Şemşat TAGANOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu