Köýtendagyň geriş-geriş bolup gidýän salkyn howaly jülgeleri, gat-gat beýgelip asman gümmezleri bilen bäsleşýän dag kökenli dereleri, derde derman çeşmeleridir kölleri, ajaýyp ertekini ýadyňa salýan dagasty gowaklary, dinozawrlaryň dag belentliginde müdimilik möhür bolup galan yzlary görenleri haýrana goýýar. Tebigatyň gudrat bilen eçilen şeýle täsin ýerlerini bir gezek gören syýahatçylar bu ýerlere ýene-de gelmegiň höwesi bilen ýaşaýar.
Ajaýyp tebigatly Köýtendagyň emele geliş taryhyndan başlap, bu ýerde her ädimde duş gelýän açylmadyk syrlar, görülmedik gözellikler, öwrenilmedik täsinlikler kalbyňa sazlaşyk mukamy bolup ornaşýar.
Köýtendagyň täsin tebigy toplumy özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýokary derejedäki dürlüligi, diňe belli bir geografik çäklerde ýaýran we gadymy döwürlerden saklanyp galan görnüşleriniň köp mukdardalygy, şeýle hem dürli öwüşginli tebigy görnüşlere we ösümlik toparlanmalaryna diýseň baýlygy bilen tapawutlanýar. Köýtendag sebitindäki halkymyzyň ýeňişli ýollarynyň altyn sahypalaryny özünde jemleýän gadymy arheologik ýadygärlikler gözel tebigatymyzyň täsinlikleri bilen utgaşyp, oňa taýsyz zynat, üýtgeşik mazmun berýär.
Türkmen topragynyň täsin galdyrýan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ençemesini özünde jemleýän meşhur Köýtendag, gözelligi bilen haýran galdyrýan Garlyk gowaklary, galyberse-de dinozawrlaryň yz galdyran ýeri hökmünde tutuş dünýäde Hojapil ady bilen şöhratlanýan halkara syýahatçylyk merkezine öwrülmäge mynasypdyr. Şol sebäpli, soňky döwürde Köýtendag sebitiniň tebigy toplumynyň açylmadyk syrly täsinliklerini gorap saklamaklyga hem-de çuňňur öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berlip başlandy.
Wepa BAÝRAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.