1) Jikme-jiklere näderejede üns berýärsiňiz? Häzirki wagtda bu soraglar sosial media ulanyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.
Suratdaky kiçijik, biri-birine bagly çal meýdançalary bary-ýogy 10 sekunt saklap, beýniňize garşy çykyp bilersiňizmi? Ýaponiýanyň Ritsumeikan uniwersitetiniň psihology professory Akiýoşi Kitaoka «bu hemmeleriň özleşdirip bilmejek ussatlygydyr» diýip, belleýär. Suratdaky optiki illuziýany her 100 adamdan diňe biri duýup biler.
Beýleki tarapdan, Kitaokanyň pikirine görä, şeýle optiki illuziýalar soňky 2000 ýylda adamzat taryhynyň bir bölegi bolupdy. Suratdaky kwadratlar aslynda gymyldamaýar. Şeýle-de bolsa, suratdaky optiki illýuziýa beýnimizdäki görüş ýollarynda hereketi duýýan neýronlary emeli usulda işjeňleşdirýän ýalpyldawuk gyralar bilen düzülendir. Bu, gözümiziň ýagtylygyň üýtgemegini hereket hökmünde okamagyna sebäp bolýar.
2) Soňky jogap näçe bolmaly?
3) Siziň pikiriňizçe, pişik aşak düşýärmi ýa-da ýokaryk?
4) Suratda dürli reňkdäki gapdal oturgyçlar bar, ýöne ýeke bolup oturylýan birje oturgyç bar. Siziň pikiriňizçe, şol bir oturgyç nirede?
5) Super Mario basgançakdan haýsy tarapa ylgaýar?
«TürkmenGazet».