Mälim bolşy ýaly, noýabr aýynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwaly geçirilýär. Onuň çäklerinde guralýan dürli konsertler, dabaralar paýtagtymyzyň myhmanlaryna, sungaty söýüji ýaşlara, diňleýjilere ruhy lezzet paýlaýar.
Festiwalyň çäklerindäki şeýle konsertleriň biri ýakynda konserwatoriýanyň konsert zalynda geçirildi. Onuň dowamynda zähmet ýoluna ýaňy başlan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk sazy kafedrasynyň ýaş mugallymlary Baýramgül Amangeldiýewa we Rahymberdi Hojageldiýew çykyş etdiler. Konsertde türkmen halk sazlary, N.Halmämmedow, A.Ablyýew, Dž. Rossini, Ts.Oganesýan, I.Albenis, A.Gurewiç, F.List, P.Sarasate ýaly türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden eserleri ýerine ýetirildi.
Konserwatoriýada bilim alýan ýaş talyplaryň, zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň şeýlekin konsertlerde çykyş edip, festiwallara gatnaşmaklary hünär kämilligine, ýerine ýetirijilik ukybynyň artmagyna ýardam berýändigini bellemek gerek.
Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň öwreniji mugallymy.