SliderŽurnalistiň sahypasy

Baş salmak däbi

07-11-2022 / 10

Türkmen toýlary özüniň şowhunly şüweleňi bilen ençeme günläp dowam edýär. Türkmeniň ajaýyp toýlarynyň biri bolan gelin toýunda «baş salmak» dessury, toýuň ertesi gün gelne baş salynmagy bilen baglanyşyklydyr.

Gelne «baş salmak» dessury öz gözbaşyny halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden alyp gaýdýar. Baş salmak türkmen zenanynyň gyzlyk dünýäsi bilen gelinlik dünýäsiniň arasyndaky müdimilik araçäkdir. Bu däpde gelinleriň ýene bir ulugyzy öz hatarlaryna geçirjek boluşlary, gyzlaryň hem özleriniň birini gyzyl kürteli bolsa-da, gelinleriň hataryna aňsatlyk bilen bermejek bolýan, gyzlyk mertebesini derejeleýän göreşi başlanýar. Baş salmak däbi ýigidiň hossarlaryny, goňşy-golamlaryny ýygnap, kiçiräk toý görnüşinde bellenilýär. Ir säherden pişme bişirilip, palaw atarylýar. Täze gelni bir gyrada oturdyp, gyzlar onuň daşyny goramak üçin diwar ýaly bolup, «söweşe» taýýar bolup durýarlar. Ondan soň, garşydaş gelinler «hüjüme» başlaýarlar. Gelinleriň maksady gyzlaryň elinden gelni alyp, başyna gyňaç daňyp, öz hatarlaryna geçirmek, gyzlaryňky bolsa muňa ýol bermezlik. Şeýlelikde, gyzlar bilen gelinler güýç synanyşýarlar, göreş tutýarlar. Ahyrynda dogumly, ugurtapyjy gelinleriň biri hilegärlik bilen arkadan baryp, gelni gujaklap alýar. Täze gelniň kellesindäki gülli tahýasyny, şaýly gupbasyny aýryp, ony baldyzyna geýdirýärler. «Gelnimiz gazygynda garrasyn!» diýip, ilki bilen, oňa döwletli garry aýalyň ak gyňajyny daňýarlar. Soňra gaýynene gelniniň saçyny arka atmak üçin: «Saçyňa kümüş saçlyk, gyzylly asyk, düýpli gyňaç ýa-da köşekli düýe ederin, ner ýaly oglumy hem saňa berdim» diýip söz berýänçä, gelin saçyny arkasyna atdyrman, pugta saklap oturýar:

Alalyň-a, alalyň,
Örüm saçyn alalyň,
Gaýynene eçilse,
Altyn berip alalyň —

diýip, gelnini serpaýlap, halatlaryny berip, gaýny gelniniň öňündäki örüm saçlaryny arkasyna atýar. Kähalatlarda: «Gelniňe näme sowgat berýäň?» diýip, gaýynatanyň çagyrylýan wagty hem bolýar. Maşgalabaşy bolsa öz gezeginde: «Göleli sygyr» ýa-da «Köşekli düýe berýän» diýip, bu dessura öz goşandyny goşýar. Gelni gyzlaryň hataryndan sogrup alan dogumly gelne, ýagny «ýeňijä» täze gelniň maňlaýyna atasy öýünde «Alnyň-bagtyň açyk bolsun!» diýip, ak niýet bilen daňlan ak ýaglyk baýrak hökmünde sowgat berilýär. Bu däbiň dowamynda täze gelen gelniň getiren «tahýa haky» hem paýlanylýar. Bu dessur gelen myhmanlara nahar-şamyň çekilmegi bilen jemlenýär.

Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu