22 — 30-njy oktýabr aralygynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) guramagynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Teatrall» atly ikinji halkara teatr festiwaly geçirildi.
Festiwala Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Gruziýanyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Halkara festiwalda ýurdumyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmen sahna ussatlary A.Mämmedow adyndaky döwlet drama we komediýa teatrynda azerbaýjan ýazyjysy U.Gajybekowyň «Arşin mal alan» atly sahna oýnuny görkezdiler. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran bu oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Tomaşaçylaryň arasynda Gazagystanda okaýan türkmenistanly talyplaryň hem bardygyny bellemek gerek.
30-njy oktýabrda halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda teatrymyzyň hoşallyk çykyşy guraldy. Dabaranyň çäginde TÜRKSOÝ-nyň wekili Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gurama tarapyndan döredilen «Magtymguly Pyragy» medalyny hem-de diplomlary gowşurdy. Şeýle-de döredijilik wekiliýetiniň agzalaryna medallardyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Taňryguly NURYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.