«iPhone 14»-iň esasy aýratynlygynyň biri-de, çaknyşyk ýüze çykan halatynda halas ediş gullugyna awtomatiki jaň edýändigidir. Nädip bu ýagdaýda işleýärkä? «TechRax» YouTube kanalynyň awtorlary bu ýagdaýy tejribede barlap gördüler.
Bloggerler geçiren synaglaryndan soň, «iPhone 14» -i awtoulagda oturdyp, awtoulagyň uzakdan dolandyrylmagy bilen ýol hadysasyny döredipdirler. Wideoda smartfon sürüjiniň oturgyjynyň üstüne ýerleşdirilýär. Telefon ýok edilenden soň, detektory işjeňleşdirilýär. Ekranda gyssagly kömek hyzmatlaryna 10 sekundyň içinde jaň etmek peýda bolupdyr.
Maglumat üçin heläkçiligi ýüze çykarmak funksiýasy diňe bir «iPhone 14»-de däl, eýsem «Apple Watch» -iň täze neslinde hem bar. Ýol heläkçiligi ýüze çykan halatynda widjet duýduryş çalyp başlaýar we ýörite habarnamany görkezip, şondan soň gyssagly kömek çagyryş üçin herekete geçýär. Öňünden ýazylan habarda heläkçiligiň ýerleşýän ýeriniň koordinatlary hem görkezilýär.
Güljemal ARTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.