SliderŽurnalistiň sahypasy

Pyragynyň döredijiliginde watançylyk meselesi

06-11-2022 / 113

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeni türkmen halkynyň gadymy baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanmagy başarypdyr.

Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öne süren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak ideýasy şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr.

Magtymgulynyň döredijiliginde agzybirlik, Watan, il-gün baradaky eserler esasy orun tutýar. Beýik şahyr öz halkynyň ykbaly bara­da ýakyndan alada edip, onuň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky asylly arzuw-umytlaryny, isleglerini ussatlyk bilen beýan edipdir we halky agzybirlige çagyrypdyr. Şahyr özüniň «Türkmeniň» atly ajaýyp şygrynda:

Köňüller, ýürekler, bir bölüp başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Magtymguly agzybirligi erkin, rehnetli durmuş gurmagyň esasy we ilkinji şertleriniň biri, parahat, asuda durmuşyň girewi hasaplapdyr. Şu röwşen ideýalary amala aşyrmak üçin «bir äriň daşyna jemlenmelidigi» baradaky pikirleri öne sürüpdir. Magtymgulynyň özüniň hem şeýle hormat goýýan we onuň ynamlaryny ödäp biljek adamlaryň käbirlerine ýakyn durandygyny käbir subutnamalar tassyklaýar. Şeýle adamlaryň ikisi barada onuň goşgularynda agzalyp geçilýär.

Magtymguly öz il-gününi, Watanyny dine bir oňal görmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyny gurban etmek ýaly watançylyk pikirlerini öňe sürüpdir. Şonuň üçin ýigidiň edermenligini, mertligini Watan bähbidi, il-halk bähbidi bilen içgin baglanyşdyrýar. Şu jähetden ol halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa pugta ýazgarýar.

Magtymguly Watana, halka wepaly bolmagy hem-de yhlasly hyzmat etmegi jemgyýetiň gözelligi, adamyň ajaýyplygy, gaflatparazlygy ýoga çykarýan şamçyrag hasaplaýar. Magtymguly öz goşgularynda iliň-halkyň güýjüne mynasyp baha berýär. Ol «Ýaşymyz» diýen şygrynda-da şeýle beýan edýär:

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Watansöýüjilik temasy beýik şahyryň döredijiliginiň esasy meseleleriniň biri bolup, eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr hakyky watançylaryň halk köpçüligidigine düşünýär. Hut şonuň üçin hem ol Watanyň üstüne howp abanan wagty, olara ýüz tutup, iliň-ýurduň ar-namysyny gorap saklamaga bütin türkmen halkyny çagyrýar. Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Gökleň», «Türkmen binasy», «Ili gözlär», «Bilinmez» ýaly ençeme şygyrlary onuň watansöýüjiliginiň belent mertebesini görkezýär. Ol şu hili eserleri bilen adamlarda öz ýurduna, iline söýgi, guwanç häsiýetleriniň döremegine hemaýat edipdir.

Tebigat bilen berk baglanyşygyň joşguny netijesinde şahyrda watanperwerligiň çuňňur we güýçli duýgusy döreýär. Bular bolsa onuň goşgularynda şahyryň ruhy dünýäsiniň iň möhüm sütünleriniň biri bolup durýar. Magtymguly Watana, halka wepalylygy we söýgini adamyň kämilligi, onuň ruhy gözelligi hasap edipdir. Bitewi türkmen döwletini döretmäge çagyrmak bilen ol öz goşgularynda halk köpçüliginiň güýjüne mynasyp baha berýär. Şahyr hakyky watançylaryň halkyň uly bölegini düzýändigine düşünýär.

Allaberdi HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu