SliderTehnologiýa

Microsoft-yň «Office» markasy taryha öwrülýär

06-11-2022 / 14

30 ýyldan gowrak taryhy bolan Microsoft-yň ofis programma üpjünçiliginiň saýlama markasy bolan «Microsoft Office» taryha öwrülýär. Microsoft, «Word», «Excel», «Outlook», «PowerPoint», «OneDrive» ýaly işewürlik we öndürijilik programmalarynyň esasy markasy bolan «Office» brendini üýtgeşme girizýär.

Microsoft Office, Microsoft-yň 1989-njy ýylda hödürlän we dürli operasiýa ulgamlary we platformalary, esasanam Windows üçin hödürlän täjirçilik ofis programma üpjünçiligi indi taryh boldy. ABŞ-nyň tehnologiýa ägirdi tarapyndan berlen beýanata görä, «Microsoft Office» öz ornuny «Microsoft 365» brendinde galdyrýar.

Microsoft 365 soňky birnäçe ýylda iň öňdebaryjy öndürijilik topluma öwrüldi. Ýakyn wagtlarda «Office.com», «Office» ykjam programmasy we Windows üçin Office programmasy täze nyşany, görnüşi bilen «Microsoft 365» programmasyna öwrüler.

Windows-daky Office programmasy 2023-nji ýylyň ýanwarynda Office mobil programmasy üçin üýtgeşmeler giriziler. Bu üýtgeşmeler Office programmasyny iş, mekdep ýa-da şahsy peýdalanmak üçin ulanýanlara degişli bolar. Bar bolan programmalardan we programma üpjünçiliginden başga-da, ABŞ-nyň kompaniýasy täze öndürijilik programmasy üçin «Office» ýerine «Microsoft 365» brendini ulanar.

Annagözel REPOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu