SliderŽurnalistiň sahypasy

Güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy

05-11-2022 / 10

5-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdakysy bolan güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berler. 

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzyň töwereklerindäki dag eteklerinde bu gün müňlerçe gektar meýdanda bagy-bossanlyklar ýaýylyp gidýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda jemi 25 million, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaralandyrylan ýylynda bolsa jemi 30 million düýp saýaly, pürli hem-de miweli agaç nahallarynyň oturdylmagy bu giň gerimli ekologik syýasatymyzyň ýyl-ýyldan rowaçlanýandygynyň subutnamasy boldy.

Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn kämilleşýär. Bu bolsa ösümlikleriň görnüşleriniň artmagyna getirýär, daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda her ýylda baharda we güýzde bag oturtmagyň ählihalk ýowaryny ýokary derejede — hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirmek däbe öwrüldi.

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna biz — ýaşlar hem işjeň gatnaşarys. Şeýle taryhy günde ähli türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň bähbidine okuwlaryny zähmet çekmek bilen üstünlikli utgaşdyrarlar. Bu bolsa gadymdan bäri ata-babalarymyz tarapyndan miras hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän terbiýe mekdebiniň oňyn miwesidir.

Yhlas DÖWLETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu