«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi hakda gürrüň edilende, oňa ykballary özgerdiji taslama hökmünde baha berýärler. Sebäbi onuň ýeňijileri – gönüden-göni ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň talyby. Ýakynda bolsa Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda geçirilýän bu akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümine badalga berildi.
Şu ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky ikinji möwsüminiň birinji oýny geçiriler. Bu barada bäsleşigiň guramaçysy – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi habar berdiler.
Habar berlişi ýaly, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylarynyň arasynda saýlap alyş test synagy geçirildi. Synag welaýatlarda bellenilen ýokary okuw mekdeplerinde teleköpri arkaly alyndy we Institutymyzyň ýörite bellenilen hünärmenleri welaýatlardaky ýokary okuw mekdeplerine synag gidişine gözegçilik etmek üçin iberildi. Saýlap alyş test synaglary dünýä taryhy we iňlis dili derslerinden alyndy. Synaga Aşgabat şäherinden – 63, Ahal welaýatyndan – 30, Mary welaýatyndan – 52, Lebap welaýatyndan – 15, Daşoguz welaýatyndan – 94, Balkan welaýatyndan – 47 okuwçylar gatnaşdylar. Synagyň netijeleri boýunça tapawutlanan okuwçylar bäsleşigiň esasy tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Taslamanyň täze möwsümi «Dialog – parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» umumy şygar bilen geçiriler. «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri» ýaş zehinleriň birinji oýnunyň temasy bolar.
Bäsleşigiň geçiriliş tertibiniň, gatnaşyjylar üçin zerur edebiýatlaryň sanawynyň, şeýle-de bäsleşik bilen bagly ähli maglumatlaryň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň iirmfa.edu.tm internet saýtynda dessin habar berilýändigini ýatladýarys!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.