SliderŽurnalistiň sahypasy

Milli manadyň şöhratly ýoly

01-11-2022 / 5075

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz ýurdumyzyň çäginde pul birligimiz hökmünde türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Her ýyl bolsa döwletimizde türkmen milli manadynyň güni bellenilip geçilýär. Geçen 29 ýyl milli manadymyzyň maliýe-pul syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly orna eýe bolandygyny görkezýär.

Garaşsyz döwletimiz ykdysady gatnaşyklaryň halkara mehanizmine işjeň goşulan ýurt hökmünde tanalýar. Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti tarapyndan türkmen döwletiniň häzirki döwürde gazanýan ykdysady ösüşlerine oňyn bahalar berilýär. Munuň özi, ilki bilen milli pulumyzyň ähmiýetine baglydyr. Milli manadymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we halkyň eşretli, bolelin durmuşyny üpjün etmegiň zerur guralyna öwrüldi.

Bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmekde we milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini berkitmekde öz pul birligimiziň ähmiýeti örän uly boldy. Manat döwletimiziň gurluş esaslaryny hem berkitdi, onuň halkara derejesindäki abraý-mertebesiniň ýokarlanmagyna getirdi. Milli manadymyz döwletimiziň ykdysadyýetini, onuň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşdy.

Manat şöhratly ýoly geçdi. Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly düýpli çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa milli manadymyzyň abraýyny has-da beýgeltdi. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, milli manadymyzyň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde geçirilen bu pul çalşygy ykdysady ösüşiň ilerlemegine görnetin täsirini ýetirdi. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän maliýe-karz ulgamyny döretmekde, milli manadymyzyň daşary ýurt walýutalaryna erkin çalşyrylmagyna geçmekde örän amatly şertler döredi. Täze pulda halkymyzyň milli we taryhy däplerine laýyk gelýän dürli bezeg özboluşlyklarynyň ýerleşdirilendigini beýik şahsyýetlerimiziň şekilleriniň, Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň, kartasynyň we ajaýyp binagärlik şekilleriniň orun tapandygyny buýsanç bilen belläsiň gelýär.

Aýsülük SAPARGLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu