Habarlar

Magtymgulynyň waspy dillerde

31-10-2022 / 15

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Muhammetnur Mahtumowyň çykyş etmeginde «Magtymgulynyň metafizik poetikasynyň struktural-semiotiki tefsiri» atly aýdym-sazly çäre geçirildi.

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren akyldar şahyrymyzdyr. Ol sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik şahsyýetdir. Dabaraly çärede ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdymlar ýaňlandy, şeýle-de Muhammetnur Mahtumow konsertdäki ýerine ýetirilen aýdymlaryň goşgularynyň derňewini gürrüň berdi.

Dabaranyň dowamynda Suhan Tüýliýewiň sazyna “Ýeldim tut” aýdymyny konserwatoriýanyň 1-nji ýyl talyby Hoşgeldi Hudaýkulyýew, Nury Halmämmedowyň sazyna “Näme sen” aýdymyny  konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Sähra Akmämmedowa, türkmen halk aýdymlary bolan “Ädejek sen”, “Gözel sen” ýaly aýdymlary konserwatoriýanyň 2-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew dagy ýerine ýetirdiler we tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Gülbahar SERHENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazşynaslyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu