Siziň üçin...Slider

31-nji oktýabr – Bütindünýä şäherler güni

31-10-2022 / 10

2014-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan bäri her ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68/239 karary bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni parahatçylyk meselelerine çekmek üçin Bütindünýä şäherler güni bellenilýär. Bu karar dünýädäki şäherleriň durnuklyly ösüşini üpjün etmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmak hem-de bu ýagdaý bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çagyrýar.

Şäher – bu diňe bir beýik ýaşaýyş jaýlary däl-de, eýsem, adamlaryň özara gatnaşygy, ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim almagy we saglygyny berkitmegi üçin niýetlenen çylşyrymly ulgamlar toplumy diýmekdir. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň ilatynyň köp bölegi şäherlerde ýaşaýar. Adamlaryň howpsuz, ekologiýa taýdan arassa, ösen infrastrukturaly, hyzmatlaryň hili ýokary bolan şertlerde ýaşamak islegi gün-günden ýokarlanýar. Şonuň üçin esasy şäher hyzmatlaryna deňhukukly we laýyk elýeterliligi üpjün etmek durnukly şäherleşmegiň esaslarynyň biridir. Bu bolsa sosial ykdysady ösüşiň wajyp meseleleriniň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar we 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň 68%-i şäher ilaty bolar. Mysal üçin 1800-nji ýyllaryň başynda ilatyň 2%-i, 1950-nji ýylda bolsa ilatyň 30%-i şäherlerde ýaşapdyr. Dünýäde her gün takmynan 180 müňe golaý adam şäherlere göçýär.

Netijeli hereket meýilnamasyny düzmek we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin Birleşen Milletler Guramasy ilatly nokatlar boýunça konferensiýalary geçirýär. Ilkinjisi 1976-njy ýylda Wankuwerde (Habitat-I), ikinjisi 1996-njy ýylda Stambulda (Habitat-II), 2016-njy ýylda bolsa halkara jemgyýetçiligi Kito şäherinde ýaşaýyş jaý we durnukly ösüşi (Habitat-III) boýunça konferensiýasyny geçirdi.

Bütindünýä şäherler gününi bellemekligiň esasy 3 maksady:

  • Sanly innowasiýalaryň durmuş hyzmatlaryny we şäher gurşawynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin şäher hyzmatlarynda nähili ulanyp boljakdygyna düşünmek.
  • Diskriminasiýa däl ösüş tejribesini paýlaşmak üçin şäherleriň arasynda täze ösen tehnologiýalary ulanmagyň geljegi uly tejribelerine ünsi çekmek.
  • Şäherlerde täzelenip bilýän çeşmelerden energiýa ösdürmek mümkinçiligini giňeltmek.

BMG-niň ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabat we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi» atly birnäçe işler amala aşyrylýar.

Didar ISLAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu