Habarlar

“Häzirki zaman sazynyň ýylynda”

29-10-2022 / 31

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2022-2023-nji okuw ýyly “Häzirki zaman sazynyň ýyly” diýlip yglan edildi. Bu okuw ýylynyň dowamynda geçiriljek çäreleriň yzygiderligi meýilnamalaşdyryldy.

Şol yzygiderligiň düzümine konserwatoriýanyň “Kompozisiýa we gurallama”, “Sazyň taryhy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedralarynda zähmet çekýän kompozitorlaryň, mugallymlaryň, okap bilim alýan talyplaryň, şeýle hem “Ýaş alymlar geňeşiniň” agzalarynyň gurnamagynda geçiriljek ylmy-amaly maslahatlar, leksiýa-konsertler, söhbetdeşliklerdir ussatlyk sapaklary girizildi. Bu çäreleri geçirmegiň esasy maksady bolsa ýaş kompozitordyr sazşynaslary, saz muşdaklaryny häzirki zaman sazy bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan we olaryň bu baradaky düşünjelerini has-da artdyrmakdan ybaratdyr.

2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda konserwatoriýanyň uly konsert zalynda geçirilen çäräniň açylyş dabarasynda R. Amangeldiýewe söz berildi. Ol häzirki zaman sazyna bagyşlanan okuw ýylynyň dowamynda geçiriljek indiki çäreler bilen dabara gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Talyplaryň hem şol çärelere işjeň gatnamagyny nygtap, söz nobatyny Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor, dosent Baýramdurdy Hudaýnazarowa geçirdi.

Bu çärede B. Hudaýnazarow özüniň “Dünýä saz medeniýetinde we türkmen sazynda häzirki zaman usullary boýunça döredilen eserlere seljerme” atly temasy boýunça taýýarlan leksiýasy bilen çykyş etdi. Halypa mugallym sözüniň başyny häzirki zaman sazynda awangardyň, puantalizm, minimalizm ýaly akymlaryň döreýşi we şol akymlara degişli edilýän kompozitorlaryň eserleri baradaky gürrüňleri bilen başlady. Kompozitor şol döwürde dörän dodekafoniýa, seriýa, sonor, aleatorika ýaly kompozitorçylyk tehnikasynyň usullarynyň aýratynlyklaryny birnäçe eserleriň mysalynda düşündirip geçdi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, olarda gatnaşan halkara festiwallarynyň täsirleri, duşuşan daşary ýurtly kompozitorlary barada gyzykly pursatlaryny diňleýjiler bilen paýlaşdy. Şol festiwallarda ýerine ýetirilen Lýutoslawskiý, Pendereskiý, Ştokhauzen, J.Keýj, A.Şnitke, S.Gubaýdulina, E.Denisow, O.Messian, K.Karaýew ýaly kompozitorlaryň eserleriniň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berdi.

Halypa kompozitor çärä gatnaşyjylara bu usullara esaslanyp, dünýä saz medeniýetinde döredilen eserleriň arasyndan Arnold Şýonbergiň, Anton Weberniň, Lýutoslawiskiniň sazlarynyň audio we wideo-ýazgylaryny diňletdi. Türkmen saz sungatynda hem bu tehnikalara ýüzlenip, R.Allaýarowyň, Ç.Nurymowyň, R.Rejepowyň, D.Hydyrowyň döreden eserleri barada aýdyp geçdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan mugallymlardyr talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen halypa kompozitora ýüzlendiler. “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri K. Garowow hem özüniň jemleýji sözleri bilen çykyş etdi.

Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu