Siziň üçin...Slider

Kompas haýsy tarapy görkezýär?

29-10-2022 / 22

Irki döwürlerden bäri ugur tapmakda dürli usullardan peýdalanylypdyr. Deňizçiler, söwdagärler, syýahatçylar, çopanlar, awçylar ileri-gaýrany saýgarmaly bolanlarynda, ýyldyzlara, ýeliň öwüsýän ugruna, guşlaryň uçýan ugruna, Güne, alaňlara seredipdirler.

XII asyrda ilkinji kompaslar peýda bolup başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen kompaslar has kämilleşip, XIV asyrda örän takyk görnüşleri ýasalýar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, kompaslar demirgazygy hem görkezýär. Bu enjam ugry nähili aňladýar? Ýer şarynyň merkezindäki gyzgyn gatlak sebäpli, planetanyň özi ägirt magniti emele getirýär. Bu äpet magnitiň goşmak (+) we aýyrmak (-) taraplary bar. Olar degişlilikde demirgazyk we günorta polýuslary emele getirýär. Emma bu polýuslar Ýeriň Demirgazyk we Günorta polýuslaryndan başga bolýar. Kompasyň dili demirgazygy takyk görkezmeýär. Kompas magnit polýusyny görkezýär. Ýagny kompasyň diliniň görkezýän tarapyna gitseň, Demirgazyk polýusa baryp bolmaýar. Magnit polýusy Ýeriň polýusyndan 7 dereje tapawutly bolýar. Polýuslar barada mundan hem täsin maglumatlar bar. Magnit polýuslarynyň ýeri gaty az hem bolsa, yzygiderli üýtgeýär. Ylmy taýdan doly subut edilen bu ýagdaý millionlarça ýylda üýtgeýär. Ýagny mundan ençeme million ýyl ozal, kompas bolan bolsady, onuň dili demirgazygy görkezerdi.
Magnit polýuslarynyň bir-biriniň ýerlerini näme sebäpden we nädip üýtgeýänligi häzirlikçe doly anyklanmady. Bu hadysanyň Ýer ýüzünde kraterleriň emele gelmegi, howanyň üýtgemegi, ýok bolup gitmekleri bilen hem baglydygy çaklanylýar. Alymlar magnit polýuslarynyň bir-biriniň ýerlerini çalyşmaklarynyň 170 million ýylda 300 gezek gaýtalanýandygyny, häzirki ýagdaýyna mundan 750 müň ýyl ozal, gelendigini çaklaýarlar. Ýeriň diňe magnit polýuslarynyň ýerlerini çalyşmaklary däl, eýsem olaryň ilkinji gezek nähili emele gelendigi hem entek doly anyklanmadyk hadysadyr. Käbir maglumatlara görä, Ýeriň ýadrosyndaky suwuk ýagdaýdaky gyzgynlygyň täsiri daşarky demir gatlaklara ýetip, Ýeriň aýlanmagy bilen, dinama täsiri sebäpli magnit meýdanyny emele getirýär. Ýeriň magnit meýdanynyň güýjüni we ugruny ölçemek maksady bilen 1979-njy ýylyň oktýabrynda kosmosa “Magsat” emeli hemrasy uçurylýar. Ol üç ýylyň dowamynda dürli maglumat ýygnaýar.

Resul ANNALYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu