
1993-nji ýylda milli pul birligimiz bolan manadyň dolanyşyga girizilmegi bank-maliýe özgertmeleriniň geçirilmeginde uly ädim boldy. Munuň özi bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge giň ýol açdy.
Manadyň dünýä bazaryndaky durnuklylygyny saklamak, onuň satyn alyjylyk ukybyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli pulumyzyň denominasiýasy geçirildi. Bu bolsa ykdysadyýetde, bazar gatnaşyklarynda we pul dolanyşygynda uly ösüşlere badalga boldy. Ynha, şu ýyl milli manadymyzyň dolanyşyga girizilenine 29 ýyl dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň täze ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe-karz ulgamynda uly ösüşler gazanyldy. Milli manadymyz ýurduň çäginde kanuny hasaplaşyk we töleg serişdesi bolup, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, döwlete dahylsyz bölegine, raýatlara hyzmat edýär. Bir söz bilen aýtsak, döwlet ilata ygtybarly, ýokary goragly we ulanmaga amatly bolan töleg serişdelerini hödürleýär. Döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeler, önümiň öndürilişiniň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi, dürli gurluşyklar üçin uly serişdeleriň goýberilmegi, hususy telekeçiler üçin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, halkymyzyň abadançylygy hakynda edilýän aladalar, gazanylýan üstünlikler bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Häzirki wagtda türkmen manady Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyñ ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu babatda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek, milli manadymyzyň hümmetini saklamak hem-de maliýe, bank edaralary tarapyndan gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek işleri durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Tumar BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.