Siziň üçin...Slider

Sowadyjydaky ýakymsyz ys bilen göreşmegiň 7 usuly

27-10-2022 / 7

Sowadyjyňyzyň gapysyny açanyňyzda, dürli önümler bilen garylan ýakymsyz ysyň gelmegi tebigy zat. «Nowyý Açag» neşiri bu meseläni ýok etmäge ýardam berjek 7 täsirli usuly paýlaşdy:

Iki gezek gaplaň. Käbir ýakymsyz yslar sowadyjynyň gyralarynda ýerleşýär. Şonuň üçin sogan, peýnir, sarymsak, konserwirlenen balyklar diňe gaplarda däl, goşa gaplamalarda ýa-da falga salnan görnüşde saklanmalydyr.

Sowadyjyňyza her hepde ideg ediň. Sowadyjyda saklanýan önümleriňiziň (şireler, kolbasa, süýt ýaly önümler) saklanyş möhletini gözden geçiriň. Yzygiderli soda ýa-da gap-gaç ýuwujy suwuklyk bilen nemlendirilen gubka bilen arassaçylyk işlerini geçirmek, sowadyjydaky ysyň aýrylmagyna kömek eder.

Öňüni almak, bejermek. Sowadyjy ähli yslary siňdirmeýän bolsa, doňduryjyňyzy ýuwup, 24 sagat gapylaryny açyp şemallatmagyň netijesini özüňiziň synap görüň.

Gyzgyn iýmitleriňizi sowadyjyda goýmaň. Bişirilen iýmit doňduryja salmazdan ozal aşhanada azyndan iki sagat sowadylmaly. Gyzgyn iýmit şol gyzgynlygyna sowadryja ýerleşdirilse, ol ýokary temperaturada aşa köp işlemek howpy bilen çäklenmän, iýmitiň özüne hem zyýan berip biler. Bu esasanam süýt we süýt önümlerini öz içine alýar.

Konteýnerleri ulanyň. Konteýnerlere et, şireli gök önümler, sogan we şuňa meňzeş zatlary goýmak maslahat berilýär. Sebäbi belli bir wagtdan soň olaryň suwy çykyp, beýleki önümlere akyp, sowadyjyda ýakymsyz ys galdyryp biler.

Buz gaplaryny ýygy-ýygydan arassalaň. Sebäbi ýasalan plastmassa we içindäki buz doňduryjy yslary işjeň siňdirýär. Içgini zaýalamak howpy abanmaz ýaly buz gutujyklaryny (kubikleri) birnäçe günden köp saklanmaly däldir.

Jaň ediň. Ýokarda sanalan ähli bellikleri synap göreniňizden soňra hem ýakymsyz ysyň gelmegi dowam etse, hyzmat bölümine ýüz tutuň. Çünki sowadyjynyň içki böleginde käbir näsazlyklar bolup biler, bu ýagdaýda öýde onuň ysyny ýok etmek kyn bolar. Şonuň üçin hünärmenler bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.

Aýbibi MERETGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorisiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu