Talyplar okuw sapaklarynyň sanawyna täze bir dersiň girizilendigini gördüler. Ol logika ylmydy. Derse bir garry professoryň girmegine garaşylýardy. Ine, ilkinji sapagam başlady. Talyplaryň biri mugallyma ýüzlendi:
– Hormatly professor, logika bize nämäni öwredýär? Ilki şuny düşündirip berseňiz…
Professor özüne şübhe bilen bakýan talyplara:
– Logika ylmynyň ynsanlaryň dünýägaraýşyna edýän täsirine seljerme bermek biraz müşgil. Şonuň üçin muny size bir mysal arkaly düşündirmekçi – diýdi. – Göz öňüne getiriň: kömür käninden iki sany işçi çykyp gelýär. Olaryň biriniň üst-başy ap-arassa, beýlekisiniň bolsa, kömüriň garasyndan eşiginiň asyl reňkini-de saýgarmak kyn. Olaryň haýsy biriniň ýuwunmagy gerek?
Talyplar ikirjeňlenmezden, jogap berdiler:
– Elbetde, üst-başy kir bolany!
Professor ýylgyrdy:
– Balalarym! – diýdi. – Logika, bu sowala jogap bermezden öňürti şuny soraýar: «Neneňsi bir kömür käninden çykan iki kişiniň biriniň üst-başy arassa, beýlekisiniňki bolsa hapa bolmaly?!.»
Terjime eden: Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.