ReportažSlider

Pagta hanadan öner

27-10-2022 / 17

Ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. «Ak altyn» eýeleri der dökülip kemala getirilen ak baýlygy isripsiz ýygnamagyň depginini güýçlendirýärler. Özara ýaryşyp zähmet çekýän ýygymçylaryň zähmet bady barha artyp, gapana goýulýan pagtanyň mukdary gün-günden ýokarlanýar. Bu şeýle-de bolmaly. Çünki güýz pasly daýhan zähmetiniň rehnedini eçilýär.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda, TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşi pagta ýygym möwsümini gysga möhletde, bökdençsiz we guramaçylykly alyp barmak, ýygyma gatnaşýanlary zähmet üstünligine ruhlandyrmak maksady bilen höweslendiriş çärelerine aýratyn ähmiýet berýär.

«Ýaryşly iş — ýeňişli iş» diýlişi ýaly, ýygymçylaryň arasynda on günlük zähmet ýaryşlary guralýar.

Toparlaryň, kärendeçi pagtaçylaryň, ýygymçylaryň arasynda dowamly guralýan ýaryşyň jemi her on günden jemlenilýär we ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji baýraklar gowşurylýar.

Elbetde, nurly Günüň yssy mährini çoýmagy bilen gün-günden gozalap, ak patrak dek açylýan ak hanalar babadaýhanlaryň işe bolan höwesini artdyrýar. Kärendeçi pagtaçylar alyn derlerini saçyp ýetişdiren pagta hasylynyň rysgal-bereket eçiljekdigine uly ynam bildirip işleýärler.

Alym MÄTIÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu