Habarlar

Türkmenistan Konkide typmak boýunça halkara birleşigiň agzasy boldy

27-10-2022 / 6

Türkmenistan Konkide typmak boýunça halkara birleşigiň (ISU) doly hukukly agzasy boldy. Bu karar ISU-nyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen geňeşinde kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Birleşige Türkmenistandan wekil hökmünde Sportuň gyşky görnüşleri boýunça milli merkezi hasaba alyndy. Bu hukuk merkeze ISU-nyň geňeşlerinde ses bermek, iri halkara ýaryşlara gatnaşmak mümkinçiligini berýär. Türkmenistan 2019-njy ýyldan bäri bu guramanyň assosirlenen agzasydyr.

Sportuň figuralaýyn typmak, konkide typmak we şort-trek görnüşleri boýunça iň iri halkara gurama bolup durýan ISU iri ýaryşlary geçirip, olar baradaky düzgünnamalary kabul edýär. Häzir 80 döwlet bu birleşigiň agzasydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu