26-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara sergi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda bolsa bu ýerde ugurdaş halkara maslahatyň plenar mejlisi geçiriler.
Indi 27-nji gezek geçirilýän bu iri nebitgaz forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Ol energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebitleýin dialogy berkitmäge, Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge bagyşlandy.
Ýeri gelende bellesek, şu gezekki çärä daşary ýurtlardan 100-den gowrak wekil gatnaşýar. Myhmanlar dünýäniň 45 döwletinden kompaniýalaryň 200-den köpüsine wekilçilik edýärler. Şolaryň hatarynda daşary ýurtly bilermenler, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň, degişli kompaniýalaryň wekilleri bar. Şeýle-de gyzyklanma bildirýän taraplara maslahata onlaýn usulda goşulmak mümkinçiligi döredildi.
Şu günki sergä «SOCAR», «CNPC», «Gaffney Cline», «Schlumberger», «Dragon Oil», «Mitro International», «Areti International Group», «Buried Hill», «ENI Turkmenistan Limited», «Yug-Neftegaz Private Limited», «Haldor Topsoe», «Chalyk Energy», «Mitsubishi Corporation», «Siemens Energy LLC», «Sumitomo Corporation Europe Ltd» ýaly energetika ugurly kompaniýalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Sergi diwarlyklarynda ýöriteleşdirilen düzümleriň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarydyr hödürleýän döwrebap hyzmatlary giňden açylyp görkezilýär. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahaty we sergini halkara habarlar giňişliginde şöhlelendirmek üçin öňdebaryjy media gulluklarynyň 30-dan gowragyndan žurnalistleriň 40-a golaýynyň hasaba alynmagy bolsa nobatdaky foruma gyzyklanmalaryň uludygyna şaýatlyk edýär.
«TürkmenGazet».