«Tesla» kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask «Model 3 / Y» platformasynyň bahasynyň ýarysy boljak täze elektrik awtoulag platformasynyň üstünde işleýändiklerini habar berdi.
Ilon Mask ençeme ýyl bäri amatly Tesla modelini öndürmek barada gepleşikleri geçirýärdi, ýöne inflýasiýa, elektrik awtoulaglaryna bolan isleg we üpjünçilik meselesi onuň ýerine bahalary ýokarlandyrdy. «Tesla» inženerleriniň öň 25.000 dollarlyk awtoulagyň üstünde işlejekdigi mälim edilse-de, ünsi «Optimus» robotyna gönükdirmek we «Model Y» önümçiligini ýokarlandyrmak bu prosesiň öňüni alypdy.
Mask soňky eden çykyşynda munuň henizem meýilnamasynda durýandygyny aýtdy we häzirki wagtda kompaniýanyň inženerleriniň has arzan platformada işlemäge ünsi jemländiklerini aýtdy.
Ilon Mask: «Cyberrucks we Semi üçin inženerçilik işini tamamladyk. Şonuň üçin üstünde işlejek indiki önümçiligimiz 3-nji we Y platformasynyň bahasynyň ýarysyna barabar bolan has elýeterli ulag bolar» diýip, aýtdy.
«Tesla’s Model 3» -iň häzirki wagtda ABŞ-daky bahasy 47.000 dollara barabardyr.
Arslan AZAMATOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Agronomçylyk hünäriniň talyby.