
Innowasion dünýäniň iň kämil gurluşy bolan internet özünde juda giň mümkinçilikleri jemleýär. Onuň hyzmatyndan dogry peýdalanmak adamlaryň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmäge we wagtyny tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Kitap okamagy gowy görýän adamlar üçin bolsa internet deňi-taýy bolmadyk mümkinçilik hasaplanylýar.
Kitap okamak üçin uly göwrümli hem-de agramly kitaplary ýanyň bilen götermek hökman däl. Öýjükli telefonlar, kompýuterler we planşetlar onlarça, hatda ýüzlerçe kitaplaryň elektron görnüşlerini özlerinde saklamaga ukyplydyr. Mundan başga-da, elektron kitaplaryna edil adaty kitaplara bellik edişimiz ýaly, bellikleri hem edip bolýar. Munuň üçin ýanyňda galamdyr ruçka götermek gerek däl. Olary okamak üçin ýagtylygyň hem geregi ýok, garaňky ýerlerde-de arkaýyn okabermeli. Elektron kitaplaryň ýene bir artykmaçlygy bolsa, okap bolanyňyzdan soň olar adaty kitaplar ýaly tekjede ýer tutup durmaýarlar. Olary fleşkalaryň, elektron poçtalaryň üsti bilen paýlaşmak hem bolýar.
Elektron kitaphanalarynda juda gysga wagtyň dowamynda islendik kitaby tapmak mümkindir. Munuň üçin kitabyň ýa-da onuň awtorynyň adyny ýazyp, gözlemek üçin düwmäni basmak ýeterlik. Bu kitaphanalaryň ýene bir aýratynlygy, siziň halaýan kitaplaryňyzy öwrenmek bilen göwnüňize ýarap biljek kitaplaryň sanawyny görkezýär hem-de şol kitaplary okap görmegi maslahat berýär. Elektron kitaphanalarynda soňky ýylyň iň ýörgünli kitaplary, köpçüligiň bu kitaplara berýän bahasy hem-de teswirleri bilen hem tanyşmak bolýar.
Begnazar ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar hünäriniň 1-nji ýyl talyby.