Taryhda ýazuw guraly hökmünde ýelekleriň ulanylandygyny bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Eýsem, ýelek bilen hat ýazmaklyk haçan oýlanyp tapyldyka?
Ilkibaşda pergamentiň (hat ýazmak üçin göle hamyndan taýýarlanylýan material), soňra bolsa kagyzyň bahasynyň arzanlamagy ýazuw üçin guşlaryň ýeleklerinden peýdalanmak usulynyň oýlanylyp tapylmagyna sebäp bolupdyr. Munuň üçin tawusyň, guwuň, gazyň we hindi towugynyň ýelekleri ulanylypdyr. Şularyň içinde iň oňaýlysy we ýörgünlisi gaz ýelekleri hasaplanylypdyr.
Gaz ýelekleri beýleki guşlaryň ýeleklerinden özeniniň galyňlygy, berkligi we gatylygy bilen, şeýle hem ýogynlygy bilen tapawutlanypdyr. Käbir guşlaryň inçejik ýeleklerini barmaklaryň arasynda galam hökmünde saklamak örän oňaýsyz bolupdyr.
Ýelegi ulanyp başlamazdan ozal ýörite ýiti pyçaklar bilen onuň ujuny gytaklaýyn kesipdirler. Ujy kesilen ýelegiň özenindäki ownujak deşijekler syýany özüne siňdirýän eken. Şonuň üçin hem hat ýazylýan pursatda ýelegi tiz-tizden syýa batyryp durmak zerurlygy ýüze çykmandyr, ýagny bir batyranyňda siňdirilen syýa uzak wagtlap üznüksiz hat ýazmaga ýetipdir.
Gaz ýelekleriniň ulanylyşa girmegi biziň eýýamymyzyň 600-nji ýyllaryna degişlidir. Ýelekleriň ulanylmagy golýazmalaryň juda owadan ýerine ýetirilmegine we görnükli hat-ýazuwyň peýda bolmagyna getiripdir. Şol hatlaryň bir gapdala gyşardylyp ýazylmagy bolsa, olara aýratyn nepislik beripdir.
Gaz ýelekleri bazarlardaky iň ýörgünli harytlaryň biri bolmak bilen, olaryň ýigrimi bäşisi bir bogdak edip satylypdyr, emma ýelekleriň hem özüne mahsus kemçilikleri bolupdyr. Mysal üçin, ýelegiň ujy basym kütelýändigi sebäpli, tiz-tizden ýiteltmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Galyberse-de, ýelekler gereginden artyk ýiteldilende has inçe, ýeterlik derejede ýiteldilmedik ýagdaýynda bolsa has ýogyn çyzýan eken. Ýelekleriň ýene bir kemçiligi hat sagdan çepe, aşakdan ýokary ýazylanda ýa-da tegelek şekiller emele getirilende, syýa daşyna syçraýan eken. Iň uly kynçylyk bolsa, hakyky gowy ýelekleri tapmagyň aňsat däldiginde jemlenipdir. Çünki gazlaryň her ganatynda bary-ýogy 3-4 sany gowy ýelege duş gelnipdir. Şonuň üçin hem ýazar-hatdatlar öz ýeleklerini örän tygşytly hem seresaply ulanmaly bolupdyrlar.
Yslamberdi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby.