SliderSöhbetdeşlik

Türkmen owazy: «Ulgamda owaz»

25-10-2022 / 27

Indi birnäçe wagtdan bäri milli telewideniýamyzyň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymy tarapyndan ýaýlyma goýberilýän «Ulgamda owaz» atly gepleşik öz tomaşaçylaryna şowhun paýlap gelýär.

Aýdym-sazy söýýän, gyzykly söhbetleri hem ajaýyp aýdymlary diňlemekden lezzet alýan tomaşaçylar üçin her hepdäniň ýekşenbe güni ýaýlyma çykýan bu gepleşigi teleradioýaýlymyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Hoşgeldi Garabaýew taýýarlaýar we alyp barýar. Döredijilik söhbetlerini, gyzykly sowallara täsirli jogaplary, şahandaz pursatlary we aýdym-sazlary öz içine alýan «Ulgamda Owaz» gepleşigi mawy ekranyň muşdaklaryna dynç alyş lezzetini bagyş edýär. Ýeri gelende bellesek, degişli döredijilik topary bilen «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan ajaýyp studiýada ýazga geçirilýär. Şu ýylyň degişli döwrüne çenli bu gepleşigiň ilkinji möwsümi onlaýn görnüşinde tomaşaçylara ýetirilipdi. Onda sanly ulgamyň mümkinçilikleri gepleşigiň dowamynda giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda hem bu mümkinçilik gepleşigiň içinden eriş-argaç bolup geçýär hem-de döwrebap şertler işjeň peýdalanylýar. Gyzykly, baý mazmunly hem-de dynç alyş häsiýetli gepleşigiň taýýarlanylyşy barada gepleşigiň awtory Hoşgeldi Garabaýew şeýle belleýär:

― Bu gepleşigi taýýarlamakda we ýazgy etmekde hem-de tomaşaçylarymyza ýetirmekde biziň esasy maksadymyz türkmen aýdym-saz sungaty arkaly muşdaklarymyza dynç alyş lezzetini paýlamak. Gepleşigimize myhman hökmünde belli sungat ussatlaryny, degişli orkestri we onlaýn arkaly beýleki gatnaşyjylary çagyrýarys. Olaryň durmuşy hem-de ylmy nukdaýnazardan pikirlerini sowallar arkaly ýüze çykarýarys. Täsirli söhbetdeşlikleri, owadan pursatlary, türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň we türkmen bagşyçylyk sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki janly sesli aýdymlary tomaşaçylarymyza ýetirýäris. Gepleşigi taýýarlamakda ýolbaşçylarymyzyň hem halypalarymyzyň, şeýle-de tomaşaçylarymyzyň tekliplerini, maslahatlaryny hem ünsden düşüremizok. Esasy bellemeli zat, döredijilikli zähmet çekmek, ilhalar gepleşikleri taýýarlamak üçin bizde uly mümkinçilikler bar. Munuň üçin bolsa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Hakykatdan hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekran sungatyny hem ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, türkmen sungatyny dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikler hem şertler yzygiderli üpjün edilýär. Halal zähmet çekip, mähriban öý-ojagynda ýekşenbe güni şeýle gepleşikler bilen öz tomaşaçylaryny begendirýän ýaş teležurnaliste biz hem üstünlikleri arzuw edýäris.

Aýgül MUHAMMETDURDYÝEWA,
Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu