Ir döwürlerde adamlar iligiň deregine agaçlaryň uçly tikenlerini ýa-da haýwanlaryň kiçiräk süňklerini ulanypdyrlar. Müsürliler bolsa köýnegiň ýakasyna ýüp dakyp, beýleki bir tarapyndaky deşikden geçirip daňmak usulyny peýdalanypdyrlar. Iligi kimiň oýlap tapandygy anyk belli däl. Käbir alymlar iligi oýlap tapanlaryň greklerdigini tekrarlasa, käbirleri gadymy rimlileri agzaýarlar. Ilikler piliň süňkünden ýasalypdyr.
Eýýäm XIII asyrda ilikler giňden ulanylyşa giripdir. XVIII asyra çenli ilik baýlygyň hem-de boltelki durmuşda ýaşaýanlaryň ýaşaýyş derejesini şertlendirýän nyşan bolupdyr. Has gurply ýaşaýanlar egin-eşiklerine kümüşden ýa-da altyndan ýasalan ilikleri dakypdyrlar. XVIII asyryň başlarynda bolsa, ilikler misden we metaldan ýasalyp ugrapdyr. Ýöne ilik şonda-da tä XIX asyryň ahyrlaryna çenli iň gymmat harytlaryň biri bolupdyr. Şonuň üçin-de adamlar ilikleri könelen eşiklerinden goparyp, täze eşiklerine dakynmaga mejbur bolupdyrlar.
Tahyr WELKAKAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.