24-nji oktýabrda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň bilelikde guran bu döredijilik çäresi iri döwletara birleşik bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň subutnamalarynyň biridir.
Döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşynyň geçirilen ýerine — Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gelenleriň sanynyň juda köp bolmagy aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligine uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlar, nusgawy ýewropa sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.
Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary bar.