Adamlar wagty hasaplamak üçin dürli ýollary oýlap tapypdyrlar. Çäge sagatlaryny döredipdirler. Çäge sagatlary wagty hasaplamaga kömek edipdir. Olar 15 minutlyk wagty, ýarym ýa bir sagatlyk wagty aňladypdyrlar. Çäge akyp gutaranda, sagady beýle ýüzüne öwürmeli bolupdyr. Garaz, çäge sagatlary anyk wagty görkezip bilmändir. Sebäbi howa sowuk bolanda, çägäniň akyşy ýyly günlerdäkä garanyňda tizleşýän eken. Suw sagatlary, ýyldyz sagatlary-da bolupdyr. Gün sagady hem özboluşlydyr. Ol Gün çykan günleri wagty görkezipdir. Günüň ýokary galyşyna görä, tegelejik ýasy tagtada dikligine oturdylan taýajyk kölege emele getiripdir. Bulutly günler Günüň görünmedik wagty adamlara wagty hasaplamak kyn bolupdyr.
Sagat wagt bildirýän böleklere bölünýär: femtosekunt, pikosekunt, nanosekunt, mikrosekunt, millisekunt, sekunt, minut, sagat. Bir minutda altmyş sekunt bar. Bir sekuntda bolsa, müň millisekunt bar.
Sagadyň dilleriniň çepden saga aýlanmagynyň sebäbi, ilkinji Gün sagatlarynda Günüň ýokary galşyna görä, kölegesi şeýle aýlanypdyr.
Sagat satylýan dükanlarynda esasan, sagatlar 10:10 wagta düzülip goýlan. Munuň iki sebäbi bar. Birinjiden, şeýle edilende sagady öndüren zawodyň ady görünýär. Ikinjiden bolsa, 10:10 wagta düzülen sagadyň dilleri ýylgyryp duran adamy ýatladýar. Bu bolsa, elbetde, müşderiniň ünsüni özüne çekýär.
Ilkinji jübi sagatlary Germaniýanyň Nýurnberg şäheriniň ýaşaýjysy Piter Henleýn tarapyndan 1503-nji ýylda oýlanyp tapylýar. Olar tiz wagtdan meşhurlyk gazanypdyr. XVIII-XIX asyrlarda şeýle sagatlary götermek ýoň bolupdyr. Asylyp duran zynjyryndan jübi sagadyny göterýän adamy anyklapdyrlar, bu jübi sagadynyň eýesiniň gurply maşgaladandygyny hem aňladypdyr.
Ilkinji goşar sagatlary 1812-nji ýylda döreýär. Ony şweýsariýaly Lui Breg ýasaýar. Bir goşar sagadyny ýasamak üçin 20 adam zähmet siňdirýär. Bir günde dünýäde bir milliard sagat öndürilýär. Olaryň 60% Ýaponiýada öndürilýär.
Handurdy BEGŽANOW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.