24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaş alymlar geňeşiniň», «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň 2-nji hem-de 3-nji ýyl talyplarynyň arasynda BMG-niň güni mynasybetli bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanyň Esasy Kanuny we ondan gelip çykýan milli kanunçylygymyz boýunça ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaga gönükdirildi. Bu bäsleşige institutymyzyň 2-nji we 3-nji ýyl talyplarynyň 8 sany talypdan ybarat bolan «Sentinels», «Alba columba» hem-de «Pacem in mundo» atly toparlary, jemi 4 şert boýunça özara bäsleşdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri, emin agzalarynyň gelen kararlaryna görä, «Alba columba» topary III, «Pacem in mundo» topary II, «Sentinels» topary bolsa I orna mynasyp boldular. Ýeňijilere hemaýatkärler tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.