
Türkmenlerde dutaryň sarpasy has belentdir. Türkmen toýlarynyň bezegi dutardyr. Geçmişde türkmeniň ak öýleriniň törüni gazma dutary bezäpdir.
Dutar – “iki tar” diýen manyny berýär. Şol iki tardan çykýan owaz adamy gynandyryp hem, begendirip hem, buýsandyryp hem bilýär. Dutaryň piri Baba Gammar hasaplanýar. Daşyndan seredeniňde, ýönekeý bolup görünýän saz guralyny ýasaýan dutarçy ussalar onuň ýasalyşyny sungat derejesine göteripdirler. Bagşynyň çalýan sazynyň şirinligi dutaryň ýasalyşyna-da baglydyr.
Dutaryň ýasalyşy
Oňat dutar ýasamak üçin gowy agaç gerek. Şol oňat agaç tut agajy. Tut agajy ýeňil hem berk. Galyberse-de, ondan çykýan ses owazly. Tut näçe garry bolsa, şonça gowy. Dutar ýasalanda, başga agaçlar tut bilen deňleşip bilmez. Dutar ýasaljak tut agajyny güýzde – ýapragyny dökende kesip alsaň, has gowy. Kesip alan badyňa dutar ýasamaga girişmek bolanok. Tuduň töňňesini bir ýyllap ýere gömüp goýmaly. Şonda ol görnüşini, gabarasyny üýtgedenok.
Il içinde şeýle bir rowaýat bar. Dutaryň piri Baba Gammar üç sany meňzeş dutar ýasanmyş. Soň olarda saz çalanda, geň galmaly, olardan çykýan heň dürli-dürlümiş. Bir dutardan baglaryň ýapragynyň şemal turanda çykarýan sesi, bir dutardan çeşme-çaýlaryň akyşy, bir dutardan çykýan heň bolsa daglara düşüp gaýtalanýan ýaň ýalymyş. Baba Gammar pikire çümen we bu täsinligiň syryny açan. Görüp otursa, dutardan çykýan ses olaryň mekany bilen bagly bolsa nätjek. Baba Gammar dutarynyň birini gülzarlykdan, birini dagdan, birini bolsa derýanyň kenarynda ösüp oturan tutdan ýasan eken.
Dutarda döredilen nusgalyk halk sazlary
“Söýli halan”, “Tomagaly”, “Şelpeli durna”, “Aýna”, “Saltyklar”, “Hajygolak”, “Dilim gyrk”, “Haraýym Döndi”, “Goňurbaş mukamy”, “Mukamlar başy”, “Maýagözel”…
Meşhur dutarçy bagşy-sazandalar
Türkmen halkynda bagşy-sazandalara uly sarpa goýlupdyr. Muny ussat ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanow “Şükür bagşy” powestinde çeper suratlandyrýar. Türkmen halkynda “dutara dil bitiren” ussatlar sanardan köp bolupdyr. Olardan Sary bagşy, Garly bagşy, Pürli Sary, Oraz Salyr, Nurberdi Gulow, Çary Täçmämmedow, Gurt Ýakubow, Magtymguly Garlyýew, Mylly Täçmyradow, Ilaman Annaýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Kiçi Geldimyradow, Palta bagşy, Nursähet bagşy, Nobat bagşy, Girman bagşy, Muhy bagşy, Sahy Jepbarow dagy il içinde meşhurlyga ýeten bagşy sazandalardyr.
Begnazar BEGNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.