Habarlar

Welaýatlarymyzyň dolandyryş-çäk gurluşy üýtgediler

24-10-2022 / 14

22-nji oktýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlisde öňe sürlen teklipleri jemläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, 6 sany etraby (Gubadag etrabyny, Gurbansoltan eje adyndaky etraby, Farap etrabyny, Döwletli etrabyny, Serhetabat etrabyny we Oguzhan etrabyny); 5 sany etrap hukukly şäheri (Tejen şäherini, Gumdag şäherini, Hazar şäherini, Serdar şäherini, Köneürgenç şäherini); 1 sany şäherdäki etraby (Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny); 2 şäherçäni (Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini, Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini); 36 sany geňeşligi ýatyrmagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Şeýlelikde, Türkmenistan boýunça jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.

Mundan başga-da, 36 sany obanyň golaýynda ýerleşýän ilatly ýerlere birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirmegiň teklip edilýändigini belledi. Şeýle-de 6 sany oba şäherçe derejesini bermek we welaýatlarda ýörite ýer gaznasynyň çäginde raýatlara jaý gurmak üçin berlen mellek ýerlerinde dörän 5 sany ilatly ýere oba derejesini berip, 5 sany obany döretmek teklip edilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu