Göwün küýsegiSlider

Kesewisi gögeren

(Rowaýat)

24-10-2022 / 28

Gadym zamanda bir akyldar, halatly pir bar eken. Günlerde bir gün onuň ýanyna bir adam gelip, salamlaşandan soň, şeýle diýipdir:

  • Tagsyr, men şu wagta çenli gaty erbet gezdim: galtamançylyk etdim, öldüren adamymyň sany kyrka ýetdi. Indi şol eden işlerime ökünip, toba edýärin. Ýöne günäm gaty agyr-da! Heý, maňa şol günälerimden ýuwulmak barmyka? Şuny sizden soraýyn diýip huzuryňyza baş egip gelşim şü.

Onuň aýdanlaryny üns bilen diňlän akyldar oňa şeýle jogap beripdir:

  • Sen uly ýoluň ýakasynda saýaly agaç gögeren, amatly ýer tap-da, ep-esli ýere gawun ek. Gawunly atyzyň bir çetinde-de kesewiňi ýere dürtüp goý! Eken gawunlaryň bişer weli, uly ýoldan geçen ýolagçylara gawun hödürle. Ýadap gelýän ýolagçylaryň her biri salkyn saýada oturyp şirinden-şeker gawunyňdan iýip, hezil ediner-de, saňa alkyş okar. «Köpüň dilegi köl bolar» diýipdirler, şol adamlaryň doga-dilegleri Hakyň dergähinde kabul bolar-da, sen günäleriňden saplanarsyň, enşalla!
  • Tagsyr, men günämden saplananymy nädip bilerkäm?
  • Gawunly atyzyň burçuna dürten kesewiň gögerse, günäleriň geçildigidir. Ýogsam, bolmanda, heý, kesewem gögerermi? Özüň bilýäň-ä, kesewi diýeniň ot ölçerilip, hemişe oda sokulyp ýörlensoň, onuň gögeriji öýjükleri ýanýar ahyry. Şoň üçinem kesewiň gögerdigi — Allatagalanyň görkezen gudratly nyşany bolar.

Ol adam piriň ýanyndan çykyp gidipdir-de, onuň aýdyşy ýaly edip, köp kişiniň alkyşyny alypdyr. Bir gün weli bir adam eşegini debsiläp, haýdap barýa diýýär.

  • Dur-how, gel, gawun iýip git! — diýlenine dagy gulagam asanokmyş.
  • Ýok, men gaty howlugýan — diýip, gaýta aldygyna eşegini taýaklap gyssaýar diýýär. Gawun eýesi:
  • Gyssansaňam gel, ynha, derrew iý-de, gidiber, eşegiňi daňýançaň men gawuny käseläp, taýýar edip goýaýyn, çaltjak iý-de, ýoluňdan galma! — diýip näçe janyksa-da, asyl, gulagam asanok diýýär.

Gawunçyňam muňa gelýär gahary.

  • Aý, seniňem bir!.. Kyrk bolmasa, kyrk bir ekeni-dä!.. — diýýär-de, ýaňkyň yzyndan ýetip, ony öldürýär. Soňam ähli zady taşlap, piriň ýanyna barýar-da, onuň aýagyna ýykylýar:
  • Aý, pirim, meňki bolmady… — diýýär hem-de bolan işleri gürrüň berýär.

Pir bolsa ylmy güýçli, halatly kişi bolansoň, oňa hemme zat aýan eken.

  • Hany, başyňy galdyr! Tur ýeriňden, sen ýalkandyň! Sebäbi şol öldüren adamyň bir haýyr işi, ýagny gudaçylygy bozmaga barýan eken. Bar git-de gör, kesewiň gögerendir — diýýär.

Ol adam gawun eken ýerine baryp görse, dogrudanam, ýere dürten kesewisi ýapraklap, gül-pürçük bolup otyrmyş.

Taýýarlan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu