Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr.
Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumbarton-Oksda (ABŞ-da) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözülýär. Esasan hem, onuň döredilmeginiň taryhy wakasy 1945-nji ýylyň 25-nji apreli ýagny, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň San-Fransisko ştatynda geçirilen konferensiýasy bilen baglanyşyklydyr. Şol ýylyň 26-njy iýunynda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň Düzgünnamasyny kabul edýärler. Bu Düzgünnama 24-nji oktýabrda güýje girýär. 1948-nji ýyldan bäri her ýylyň 24-nji oktýabry BMG-niň güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Soňra 1971-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy öz karary bilen agza döwletlere bu güni umumy baýramçylyk hökmünde bellemegi maslahat berdi. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň güni hökmünde bellenip geçilýär.
BMG-niň maksady, onuň öz Düzgünnamasynda ýazylyşy ýaly, parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak boýunça toparlaýyn çäreleri görmek bilen, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamakda, milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdan, ykdysady, sosial, medeni hem-de ynsanperwer häsiýetdäki halkara meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, adamyň hukuklaryny we azatlygyny hormatlamagy ösdürmekden ybaratdyr.
Her ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni mynasybetli Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda ýerleşýän Guramanyň Baş Assambleýasynda adatça belent ruhubelentlige beslenýän aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.
Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.