Habarlar

Türkmen paýtagtynda özbek milliligi

23-10-2022 / 13

Özbegistanyň Prezidentiniň 21-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy türkmen-özbek dostlugynyň, hyzmatdaşlygynyň mizemezdiginiň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Täze seýilgäh toplumy taryhy taýdan emele gelen medeni-ruhy däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan türkmen-özbek halklarynyň has-da ýakynlaşmagynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir.

Seýilgähiň dizaýnynda milli özbek bezegleriniň hem-de binagärliginiň äheňleri ulanyldy. Bu ýerde amatly dynç almak, maşgala bolup boş wagtyňy gyzykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr. Täze seýilgähde çagalar hem ulular wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirip bilerler. Abadanlaşdyrylan, bagy-bossanlyga bürelen çäkde “Daşkent” kafesi we çaýhana, restoran, amfiteatr ýerleşýär. Körpeler üçin köpöwüşginli bezelen attraksionlar we oýun meýdançalary bar. Meýdançanyň ýanynda amatly sekilerde bu ýere gelen türkmen hem-de özbek ýaşululary üçin çaý içişlik guraldy.

Dostlukly ýurduň milli äheňlerini beýan edýän şekiller seýilgähiň bezeginiň aýratynlyklarydyr. Şolaryň hatarynda mozaika nagyşly çüwdürim bar. Onuň merkezinde Daşkendiň “Mustakillik” meýdançasyndaky derwezede gurlan heýkele meňzeş bolan Ýer togalagyny hem-de asmana uçup barýan leglekleri şekillendirýän heýkel oturdylypdyr. Çäýnekden hem-de birnäçe käseden ybarat özboluşly bezegli “çaý içilýän toplum”, şeýle-de gündogar äheňinde bezelen bassyrmalar ünsi çekýär. Bu ýerde özbek paýtagtynyň täsin binagärlik desgasynyň — Daşkent telediňiniň kiçeldilen nusgasyny hem görmek bolýar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar, öňe sürlen teklipler, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşan bilelikdäki dabaralary, bularyň hemmesi — türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açyldy diýmäge doly esas berýär.

Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu