Habarlar

BMG-niň 77 ýyllygyna bagyşlanan sergi bäsleşigi geçirildi

22-10-2022 / 8

21-22-nji oktýabrda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de institutymyzyň Ýaş alymlar geňeşiniň, «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 77 ýyllygyna bagyşlanyp «Hünärim – buýsanjym» atly sergi bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ähli fakultetleriň talyp ýaşlary işjeň gatnaşyp, öz taýýarlan sergileri bilen çykyş etdiler.

Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň jemleýji tapgyry talyp ýaşlaryň, şeýle-de bu sergä gatnaşan mekdep okuwçylarynyň ses bermegi esasynda jemlendi. Umumy toplanan sesleriň sanyna laýyklykda, «Hünärim – buýsanjym» atly sergi bäsleşiginiň ýeňijisi adyna Halkara hukugy fakultetiniň talyplary mynasyp boldy. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, biz — talyp ýaşlaryň hünärimize bolan söýgimizi artdyrmakda, ussat hünärmenler bolup ýetişmegimizde uly ähmiýete eýedir.

Maksat ASTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu