Siziň üçin...Slider

Haýwanlaryň hereketleri boýunça howa çaklamalary

22-10-2022 / 13

Daşdeşen baglar ýapraklamanka gaýdyp gelse, ýyl gurak bolar.

Durnalar ir baharda peýda bolsalar, ýaz ýagynly, ot-maýsa bol bolar.

Yssy ýurtlarda gyşlap, gaýdyp gelýän gazlar al-asmandan uçup geçseler, ýaz ýagynly bolar.

Garga baharda suwa barsa, yssy adatdakysyndan ir düşer.

Bahar agşamsy bilbil ýatman saýrasa, ertesi ýagyn boljagynyň alamatydyr.

Gurbaganyň warryklaýan sesi çyksa, ertir howa açyk boljagydyr.

Pişikler ýatan mahaly ýüzüni aýaklary bilen ýapsalar, howanyň sowamagyna garaşybermeli.

Pişikler özlerine ýer tapman, iki tarapa ylgasalar, ýyldyrym çakyp, çabga ýagjagydyr.

Garlawaçlar belentden belende galyp uçsalar, onda ertesi gün howanyň açyk boljagydyr.

Atajan DÖWRANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu