SliderTagamlary taýýarlamak

Ýapon milli tagamlary

21-10-2022 / 28

Ýapon saçagynyň milli aýratynlyklary, göräýmäge beýleki Gündogar Aziýa ýurtlarynyňka meňzeş hem bolsa, ol tagam taýdan-da, taýýarlanyşy taýdan-da düýpgöter tapawutlanýandyr. Iň ýönekeý we täsin tarapy bolsa olar bişirýän tagamlarynda ýag we beýleki ys beriji serişdeleri az mukdarda ulanýarlar. Has dogrusy, ulanylmaýar diýen ýalydyr. Şeýle etmek bilen tagamlarynyň has-da lezzetli bolmagyny gazanýarlar.

  1. Nohutly palaw: Bu tagam Ýaponiýada iň bir ýörgünli nahardyr. Olar esasan bu tagamy öýlänlikde we agşamlykda taýýarlaýarlar. Ertirlikde bolsa ýaponlar gaýnadylan tüwini çig ýumurtga, soýa şiresi ýa-da beýleki şireli suwlara garyşdyryp garbanmagy halaýarlar. Ýapon palawy ýag, duz we beýleki tagam berijiler goşulman, diňe suwda gaýnadylyp bişirilýär. 
  2. Saşimi: Dürli görnüşli balyklardan taýýarlanylýan bu tagam çigligine iýilýär. Bişirilmän iýilýän etleriň nähili derejede lezzetliligi bolsa, ýapon aşpezleriniň gizlin syrlarydyr. Adatça bu nahar soýa sousyna ýa-da beýleki souslara batyrylyp iýilýär.
  3. Okonomiýaki: Bu nahar un, kelem, et, we deňiz önümleri bilen taýýarlanylýan bir tagam bolup, “Ýaponiýa pizzasy” diýlip atlandyrylýar. Restoranlarda hamyry we beýleki önümleri aýry-aýrylykda saçaga getirilýär. Müşderi islegi boýunça özleri taýýarlaýarlar. Ýapon aşpezleri tagamlaryň lezzetliligi bilen bir hatarda onuň daşky şekliniň özüne çekijiligini hem unutmaýarlar.
  4. Sukiýaki: Bu tagam beýleki tagamlardan has üýtgeşik bolup, stoluň üstünde elektrik gyzdyryjylary bolup, onuň hem üstünde içi gaýnag suwly gap goýulýar we saçaga alynýar. Bu naharda inçe kesilen et, köp görnüşli otlar we beýleki işdäaçarlar, kömelekler we “de tofu” çig ýagdaýda  gyzgyn suwly gap bilen bile saçaga getirilýär.  Bu nahary iýmek islänler naharyň gapdaly bilen getirilen nygmatlary gyzgyn suwa batyryp gyzdyryp , ony hem ellerindäki içi çig ýumurtgaly käselere bulap iýip bilerler.
  5. Suşi:Ýapon tagamlar diýlende ilki bilen “Suşi” akylyňa gelýär. Elbetde, bu tagam ýapon saçagynyň bolmasa bolmazlaryndandyr. Ýöne bu tagam köpleriň pikir edişi ýaly “çig balyk” bolman, diňe suşi sirkesi bilen taýýarlanan suşi palawly nahardyr. Bu tagam dünýä ýüzünde meşhur bolup abraýly naharhanalarda hem taýýarlanyp halk köpçüligine hödürlenýär.
  6. Tempura: Bu hem “Suşi” derejesinde ýapon aşhanasyny dünýä tanadan tagamdyr. Bu nahar çörek owuntyklaryna batyrylan deňiz önümleri, işdäaçyjy otlar ýa bolmasa kömelekleri gyzgyn ýagda gyzardylyp bişirilýär. Aslynda bu tagam XVI asyrda protekizliler tarapyndan Ýaponiýa getirilipdir, ýöne şeýle bolsa-da ol dünýäde ýapon milli tagamlary diýlip tanalýar.

Jemal MADÝAROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Farap etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu