Siziň üçin...Slider

Özbek nakyllary

21-10-2022 / 22

*Aç ýanynda nan iýme!

*Açylan — solar, aglan — güler.

*Arsyza alty gün baýram.

*Başyndan ötmedigiň, gaşyndan ötme!

*Bilenden hem geçer, bilmedikden hem.

*Bir gerek bolan iki hem gerek bolar.

*Bu ýyl yzy bolsa, geljek ýyl özi bolar.

*Çynar çüýremez, arça guramaz.

*Dag başynda gar bolar, är kişide — ar.

*Derýa balyksyz bolmaz, dag — keýiksiz.

*Dil başga, dileg bir,

 Ýüz başga, ýürek bir.

*Dyrmaşan dagdan aşar.

*Gaýratly goýundan gurt hem gorkar.

*Gedaýyň horjuny dolsa-da, gözi doýmaz.

*Gol-goly tanar, kör — ýoly.

*Gören bilen göz doýmaz,

 Dek durmaga nebis goýmaz.

*Gula gaçmak bir arman.

*Güneş garalmaz, altyn zeňlemez.

*Höwes etseň ýetersiň.

*Içi dara — dünýä dar.

*It aryna galanda, süňke hem garamaz.

*Iýmez agyz gol baglar.

*Kepderi bolup dogulsaň, garga bolup ölüme gitme!

*Keýigi kowan towşany görmez.

*Köňül kirin ýedi derýada ýuwsaň hem arassalanmaz.

*Köp ýüwren bir ýykylar.

*Mal — janymyň sadagasy,

 Jan — arymyň sadagasy.

*Namysy ýaşlykdan gora!

*Näkesiň işi minnet.

Taýýarlan: Mahym NARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu