Kitaplar diňe bir öýüň, kitap tekjeleriniň bezegi däl-de, ol adam aňynyň, kalbynyň ýagtylandyryjy çyragydyr. Hut şonuň üçin hem Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda beýan edişi ýaly, biziň okumyş ata-babalarymyz hojalygyndaky ýekeje köşekli düýesini kitaba çalşyp bilipdirler. Halkymyzyň ilkinji aň-bilim ýaýradyjylarynyň biri Ärsarybaba bolsa, milletiň sowatly bolmagy üçin, köneürgençli Şyh Yslam Şeref Hoja Horezmä kyrk düýe nyýaz (sowgat) berip, «Muinu-l-mürid» «Müritlere (talyplara) gollanma» atly kitaby ýazdyrypdyr. Ol kitap dört asyra golaý wagtlap Watanymyzyň çäklerindäki medreseleriň esasy okuw gollanmasy bolupdyr.
«Well Done» atly täsin kitapda dürli naharlaryň bişiriliş usullary beýan edilýär. Horwatiýanyň neşirýat gullugy tarapyndan çykarylan bu kitapda diňe ýalpaktabaklaryň suratlaryny görmek bolýar. Kitaby okamak üçin, ilki bilen, ony 100 gradus gyzgynlykdaky howurpeçde ýörite gyzgyna çydamly kagyzyň içinde «bişirmeli». Diňe şondan soň gyzgyna çydamly kagyzdan edilen sahypalarda naharlaryň taýýarlanyş usullary baradaky ýazgylar, ýalpaktabaklarda bolsa, naharlaryň suraty peýda bolýar. Kitap sowandan soň, ol ýene başky görnüşine gelýär.
Frensis Pikering tarapyndan döredilen kitap diňe janly güllerden we onuň ýapraklaryndan edilendigi bilen tapawutlanýar. Awtor onuň bezegi üçin öz bagynyň güllerini we bagbançylyga degişli žurnalyň suratlaryny peýdalanypdyr.
Niderlandyň edebiýat neşirýatynyň döreden kitaplary özüniň daş görnüşi boýunça has-da tapawutlanýar. Meşhur adamlaryň ykbaly, ömür ýoly hakynda söz açýan bu kitaplaryň daşky görnüşi şol adamyň ýüz keşbini görkezýär. Häzirki wagta çenli bu kitap dört sany ägirdiň ykbalyna bagyşlanyp neşir edildi. Olar: suratkeş Wan Gog, şahyr we publisist Kader, niderland futbol toparynyň tälimçisi Lui Wan, öz gündelikleri bilen meşhur bolan ýazyjy Anna Frank.
Ýapon arhitektory Ýusuke One eýýäm birnäçe wagtdan bäri özüniň 360 gradusa çenli aýlanýan kitaplary bilen meşhurdyr. Onuň «Ýer we Aý», «Täze ýyl» atly kitaplary birnäçe serginiň bezegi boldy. Ý.One kitaplaryň bezeg işini ýerine ýetirmekde lazer bilen kesmek usulyndan peýdalanýar.
Ýegenbaý ÝEGENBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby.