Habarlar

2022-nji ýylyň edebiýat boýunça «Buker» baýragynyň ýeňijisi

21-10-2022 / 13

«Buker» baýragy ilkinji gezek 1969-njy ýylda gowşurylypdy.  Bu baýraga islendik ýazyjy özüniň iňlis dilindäki romany bilen gatnaşyp bilýär. Ýöne kitabyň Birleşen Korollykda ýa-da Irlandiýada çap edilen bolmagy hökmanydyr.

Şri-lankaly ýazyjy Şehan Karunatilaka «Maali Almeýdanyň ýedi aýy» atly ýazan romany üçin 2022-nji ýylyň edebiýat boýunça «Buker» baýragyna mynasyp boldy. Bu romanda 1990-njy ýyllarda Şri-Lankada bolup geçen geň we täsin wakalar beýan edilýär.

Bu baýrak Şa zenan Konsort Kamilla tarapyndan ýeňijä gowşuryldy. Baýraga eýe bolan ýazyjy bütin dünýäde ykrar edilmekden hem-de eserleriniň satuwynyň ep-esli artmagyndan başga-da, 50 müň funt sterling (57 müň dollar) pul baýragyna eýe boldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Günorta Afrikaly ýazyjy Damon Galgut üçünji synanyşygyndan soň bu baýraga mynasyp görüldi. Ol Günorta Afrika Respublikasyndaky aparteid hakda gürrüň berýän «Wada» romany üçin sylaglanypdy.

«Buker» Eminleriň bellemegine görä, bu ýyl baýrak üçin 169 roman hödürlenipdir.

Meýlis SADYKOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu