Ýazuwyň, metbugatyň ilkinji döredilen gününden bäri yzygiderli kämilleşdirilýändigi ählimize mälimdir. Häzirki zaman tehnologiýanyň iň täze gazananlary bolan döwrebap kompýuterlerden öň dürli döwürlerde hat ýazmagy ýeňilleşdirmegiň ençeme görnüşi oýlanyp tapylypdyr.
Ilkinji hat ýazýan enjamy döretmek işleri 1700-nji ýyllarda başlansa-da, onuň ulanmak üçin amatly görnüşi 1801-nji, käbir maglumatlara görä, 1808-nji ýylda Italiýada Pellegrino Turri tarapyndan oýlanyp tapylýar. Bu enjamyň ilkinji patenti bolsa 1829-njy ýylda ABŞ-da William Austin Burt tarapyndan alynýar. «Tipograf» diýlip atlandyrylan bu enjamda hat ýazmak üçin el bilen ýazanyňdan hem kän wagtyňy sarp etmeli bolupdyr. 1868-nji ýylda Kristofer Şolesiň oýlap tapan enjamynda hat ýazmak has ýeňil bolupdyr. Elbetde, bu ugurda edilen ähli synanyşyklar şowly bolmandyr. Remingtonuň 1878-nji ýylda döreden ullakan, ýasalmagy köp wagty we çykdajyny talap edýän ýazuw enjamy köpçülikleýin önümçilige ýaramsyz bolupdyr. Italýan «Underwood-Olivetti», nemes «Olimpia», «Adler» we «Triumph», şwed «Facit» kompaniýalarynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýan ýazuw enjamlarynda hem kemçilikler bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen has kämilleşdirilen ulanyşly we gurluşy ýeňil bolan enjamlar satuwa çykarylypdyr.
Kristofer Şolesiň enjamyny gözden geçiren Tomas Edison elektrik energiýasy bilen işlemäge ukyply hat ýazýan enjamlary döretmäge girişýär. Şeýlelikde, ol 1872-nji ýylda elektromagnit bilen işleýän elektrikli ýazuw enjamynyň patentini alýar. Ençeme gezek kämilleşdirilen bu elektrikli enjamyň ilkinji köpçülikleýin önümçiligi 1930-njy ýylda ýola goýulýar. Bu enjamyň mehaniki, elektrikli we elektron ýaly 3 görnüşi bardyr.
Häzirki wagtda tehnologiýanyň has kämilleşmegi bilen olaryň önümçiligi azalsa-da, elektik energiýasyny talap etmeýän ýazuw enjamlary hem ulanyşdan galyberenok. Ol, esasan, Latyn Amerikasy, Hindistan we Afrika ýurtlarynda giňden ulanylýar. Hindistanda bu enjamy köpçülikleýin öndürýän fabrikler hem hereket edýär.
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.