Tebigatda bolup geçýän täsinlikleriň biri-de ýyldyrym çakmasydyr. Bu hadysa adamzat neslini örän ir döwürlerden bäri gyzyklandyryp gelýär.
Ýagyş ýagmazyndan ozal bulutlaryň özara çaknyşmagy ýa-da sürtülmegi esasynda döreýän elektrik energiýasynyň netijesinde howada birden ýagtylyk (ýyldyrym) ýüze çykýar. Onuň görnüşleri köpdür. Ýyldyrym sähel salymlyk ýalpyldap gitse-de, ol örän uly güýje eýedir. Ýyldyrymyň döredýän elektrik energiýasynyň güýjenmesi 100 Wt lampanyň 90 günüň dowamynda üznüksiz şöhle saçyp durmagy üçin ýeterlik bolup bilýär.
Ýyldyrym howada erkin hereket edýär hem-de ýere düşmek üçin her bir zatdan peýdalanyp bilýär. Ol çygly howada aňsatlyk bilen ýere düşýär, bulutdan buluda hem geçip bilýär. Ýyldyrym çakanda döreýän elektrik akymy öz geçen ýolundaky howany gyzdyrýar. Gyzgyn howanyň giňelmegi bilen hem asmanda ses peýda bolýar. Ol gök gürrüldisidir. Bu hadysa bir wagtda bolup geçse-de, gök gürrüldisi bize ýyldyrymyň ýagtysyndan soň eşidilýär.
Ýyldyrym çakan mahaly döreýän elektrik akymynyň geçen ýolundaky gyzgynlyk Günüň ýüzündäki gyzgynlykdan bäş esse köpdür. Biziň planetamyzyň dürli künjeklerinde bir wagtyň özünde 2 müňe golaý tupan turup, her sekuntda, takmynan, 50-ä golaý ýyldyrym ýere düşýär. Ýyldyrym çakmagy her ýarym sekuntda bolup geçýär. Şonda ýyldyrym urmasyndan goranmak üçin agajyň aşagyna girmeli däldir ýa-da ýere ýazylyp ýatmaly däldir. Sebäbi ýyldyrym çakan wagty ýere düşýän elektrik akymy her tarapa ýaýrap bilýär, köplenç halatda hem agaja düşýär.
Ýyldyrym çakyp duran pursady telefonda gürleşmek hem örän howpludyr. Ýyldyrym urmasyndan goranmak üçin bolsa iň gowy çykalga bir bina girmekdir. Ol bukalga hökmünde ählitaraplaýyn amatlydyr.
Döwletmyrat ESENOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.