«Apple» kompaniýasy alyjylar tarapyndan az isleg bildirilýän «iPhone 14» smartfonlarynyň önümçiligini artdyrmazlyk barada karara gelendigini aýtdy.
Kompaniýa şu ýylyň ikinji ýarymynda «iPhone 14» smartfonynyň önümçiligini 6 million birlik artdyrmazlyk barada üpjün edijilere duýduryş berendigini hem belläp geçdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berdi.
«Bloomberg»-iň habaryna görä, Hytaýyň smartfon bazarynda «iPhone 14» çykandan soňra ilkinji üç günde, «iPhone 13»-den 11% az satyn alnypdyr. Agentlik dünýädäki smartfon bazarynyň şu ýyl 6,5% azalmagyna we 1,27 milliard birlige ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy.
1976-njy ýylda esaslandyrylan «Apple» kompaniýasy «iPhone», «iPad», «iMac», «Macbook» ýaly ýokary tehnologiýaly önümleri öndürýär. Bu kompaniýa dünýädäki iň uly kompaniýalaryň biridir.
Ozal «Apple» kompaniýasy Hindistanda «iPhone 14» smartfonynyň önümçiligini ýola goýmak barada hem karara gelendigini aýratyn bellemek gerek.
Rysgal GARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.