SliderTehnologiýa

Internet — uly dünýä

17-10-2022 / 14

Ýigrimi birinji asyryň häzirki tehnologiýalar eýýamynda habar, maglumat ýollamagyň çäksiz mümkinçiligi ynsanyň durmuşyny bütinleý gurşap aldy. Internet habar ýollamakdan başlap, wideo ýazgylary, suratlary we beýleki maglumatlary ibermegiň iň ygtybarly çeşmesine öwrüldi.

Sosial internet torlarynda milliardlarça adamyň şahsy sahypalary döredildi. Munda özleri hakynda maglumatlaryň uly toplumyny jemleýän bulut tehnologiýalaryň hyzmatyna eýerildi. Şol sahypalaryň her gün täzelenip durulmagynyň, özleri hakyndaky maglumatlaryň girizilmeginiň, suratlaryň ýerleşdirilmeginiň netijesinde özara söhbetlerdir gürrüňdeşlikleriň wirtual meýdançasy emele geldi.

«Skype», «Facebook», «vkontakte», «mail.ru», «yandex», «google» ýaly internetiň «maglumat geçiriji köprüleri» giň göwrümli we uly ýatly bulut tehnologiýalary bilen tapawutlanyp, adamzada maglumatlaryň çäksiz mümkinçiligini hödürleýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda internetiň «2G», «3G», «4G» ýaly ulgamlary girizilip, olaryň ulanylyş ýollary köpdürlidir. Olaryň aglabasy el öýjükli smart telefonlarynyň üsti bilen peýdalanylsa, galan bölegi smart planşetlerdir kompýuterleriň kömegi bilen birikdirilýär. Şunuň esasynda-da elektron maglumatlar dolanyşygy işe girizildi. Dolanyşygyň aýratynlyklary birnäçe bolansoň, wajyplarynyň biri elektron gollar bolup durýar. Ýagny iberilýän we kabul edilýän maglumaty doly tassyklamak üçin elektron görnüşinde gol çekilip, hakykatlygy kepillendirilýär. Munuň ýeňil tarapy hyzmatdaşlaryň wagt ýitirmän, uzak aralykdan resmi ýagdaýda ylalaşyga gelinmegine, şertnama baglanyşmagyna getirýär. Şunda internetiň uly orny bar.

Internet — uly dünýä. Bu dünýä imrinen, ony özleşdiren islendik ynsan onuň hyzmatlaryndan üzňe bolup bilmeýär. Ulanyjy internetiň hödürleýän amatlyklaryny özüne hemra edinip, gündelik onuň bilen arabaglanyşykda bolýar. Internet öz brawserlerinde gözlenilýän maglumatyň ilkinji sözleri däl, ilkinji harplary ýazylyp başlanyndan ulanyjynyň göwün islegini kanagatlandyrmaga häzirlenýär, onuň «pikirini okamaga» çalyşýar, isleýän zadyny çalt tapmaga howlugýar hem-de bu ugurda giden maglumatlary öz giň göwrümli ýat bulut tehnologiýasyndan çykaryp, «kuwwatly güýjüni» görkezýär — bu ugurda bir däl, ýüzlerçe internet sahypalaryny açýar.

Kurbangeldi HANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu