PsihologiýaSlider

Adamyň içki dünýäsini öwrenýän test

Psihologiýa: mandala testi

17-10-2022 / 113

Mandala testi. Siz aşakdaky suratdaky şekillerden öz göwnüňize ýaranyny saýlaň we içki dünýäňiz bilen tanyş boluň!

  1. 1-nji şekili saýlan bolsaňyz – Eli açyklyk, ahlaklyk. Siz gowy bolmaga çalyşýarsyňyz. Adamlara siz bilen bolmak kyn ýaly görünýär, ýöne has kyny size öz-özüň bolmak. Siz yhlas bilen işleýärsiňiz, ýöne diňe özüni bilýän adam däl. Siz dünýäni we ýakynlaryňyzy juda oňat we gowy etmek üçin işleýärsiňiz. Siziň göwnüňize degýänçäler ýa-da ikilik edýänçäler, siz ak ýürekden we mähirli söýýärsiňiz. Emma göwnüňize degseler, siz gaýgyrman yza seretmezden gidip bilýärsiňiz. Siziň durmuşda edýän hereketiňize az adamlar mynasyp baha berýärler.
  2. 2-nji şekili saýlan bolsaňyz – Gyzykly, dogruçyl. Siz başgalary alada edýän jogapkär adam. Siz päk ýürekden çekilýän zähmete ynanýarsyňyz we aňsat jogapkärçiligi öz üstüňize ýükleýärsiňiz. Siziň häsiýetiňiz gowy. Siz adamlarda özüňize ynam döredýärsiňiz. Siz açyk, çalasyn we ýiti zehinli. Siziň pikiriňiz standart däl we seýrek duş gelýän logikaňyz bar, şonuň üçin siziň aýdyp berýän ähli zatlaryňyz diňleýjiler üçin hemişe gyzykly.
  3. 3-nji şekili saýlan bolsaňyz – Pikire giden ukyply adam. Siz örän gowy akyldar. Siziň pikiriňiz we taglymatyňyz – siziň üçin wajyp. Siz öz nazaryýetiňiz we dünýägaraýyşlaryňyz barada ýekelikde pikir etmegi halaýarsyňyz. Siz tutuk adam (introwert). Siz okamagy we pikir etmegi halaýan adamlar bilen oňuşýarsyňyz.Siz ahlaklyk barada oýlanmalara köp wagtyňyzy sarp edýärsiňiz. Hatda jemgyýetiň köp bölegi siziň pikiriňiz bilen razylaşmasalar-da, Siz dogry zady etmäge ymtylýarsyňyz.
  4. 4-nji şekili saýlan bolsaňyz – Çuňňur akyldar. Siz ýeke-täk. Siz ýaly beýle şahslar örän seýrek duş gelýär. Siziň töweregiňizde size meňzeş adam ýok bolsa gerek. Siziň duýgurlygyňyz örän güýçli, ýöne töwerekdäkilere siz  käwagt akmak bolup görünýärsiňiz. Şonuň üçin size, köplenç, ýalňyş düşünýärler, bu bolsa siz üçin hetdenaşa. Size käwagt hökmany şahsy giňişlik we öz-özüň bilen ýekelikde galmak üçin wagt gerek. Sizde örän gowy döredijilik potensialyňyz bar we ony hökmany ösdürmek gerek. Siz hakykatçy we gowy derňewçi, durmuşyň garaňky we ýagty taraplaryny  aýdyň görýärsiňiz. Siz örän duýgur, şol sebäpden hem sizde käwagt kepiň galmagy we düşmegi bolýar.
  5. 5-nji şekili saýlan bolsaňyz – Özüne göwni ýetýän. Siz örän özygtyýarly we özbaşdak adam. Siziň ýörelgäňiz – “Nämedir bir zady gowy etjek bolsaň, ony özüň et”. Siz diňe özüňize bil baglaýarsyňyz. Siz özüňiz we ýakynlaryňyz üçin nähili güýçli we ynamdar bolup galmagy örän gowy bilýärsiňiz. Siziň gowy görýän adamlaryňyz elmydama goragly. Siz hemişe näme isleýaniňizi bilýärsiňiz we öz maksadyňyzyň garşysyna gitmäge gorkmaýarsyňyz. Töwerekdäkiler Siz babatda ilki bilen dogruçyl we açykgöwünli bolmaklaryny isleýärsiňiz. Siz dogruçyl bolmagyň tarapdary we kynçylyk bilen ýalan sözleýänlere geçirimlik edýärsiňiz.

6-nji şekili saýlan bolsaňyz – Duýgur, rehimdar adam. Siz mähirli we aladaçyl, şonuň üçin hem adamlar bilen örän aňsat aragatnaşyk gurýarsyňyz. Siziň çendenaşa köp dostlaryňyz bar we siz olar tarapyndan ak ýürekden gowy görülýärsiňiz, sebäbi siz olaryň durmuşyny şadyýan edýärsiňiz.  Adamlar siziň bolmagyňyz bilen özlerini arkaýyn we ykjam duýýarlar. Siz optimist, şadyýan we elmydama hazirki ýagdaýdan has gowy bolmaga ymtylýarsyňyz. Siz gyzykly,  duýgur, seýrek duş gelýän we gowy görülýän bolmak isleýärsiňiz.Siz päk duýgulara ukyply we sizi gowy görmeýän adamy hem gowy görüp bilýärsiňiz.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu