Statistiki maglumatlara görä, käbir adamlar biri-biri bilen duşuşanda, ilkinji nobatda, onuň geýen aýakgabyna üns berýärler. Eger-de bir erkek adam aýakgabyna ideg edip, ony yzygiderli arassalasa, ýoldaşynyň öňündäki mümkinçilikleri iki esse artýar.
Dünýädäki iň meşhur aýdymçylaryň biri bolan Madonna birnäçe dürli aýakgaplar ýygnaýar. Hatda aýdymçynyň hiç haçan geýmedik jübüt aýakgaplarynyň bardygy hem aýdylýar. Çünki ol aýakgaplar näzik we gymmat materiallardan ýasalypdyr.
Italiýa – iň köp aýakgap öndürýän ýurt hasaplanýar. Üns berip gören bolsaňyz, dünýä kartasynda hem Italiýanyň territoriýasy aýal-gyzlaryň aýakgabynyň görnüşine meňzeýändir.
2002-nji ýylyň başynda iň uly aýakgap Filippinlerde öndürilip, onuň uzynlygy 5,5 metre, ini 2,25 metre, beýikligi bolsa 1,85 metre barabar bolupdyr.
Basketbolçy Şakir Oniliň aýaklarynyň ululygy (razmery) 55-dir.
Zenanlaryň aýakgabynyň ortaça ölçegi 39 belgili hasaplanýar.
Paris Hiltonyň 44 belgili aýakgap geýýändigini bilýärdiňizmi?
Deňze düşen sport aýakgaplary, takmynan, 10 ýyl suwuň üstünde ýüzýändir.
Köp adamyň iki dürli aýak ululygy bar.
Nikany kanunlaşdyrmak üçin gadymy inkler aýakgap çalşypdyrlar.
Tunis – adaty däl däpleri bilen tanalýar. Olarda oglan geljekki ýanýoldaşyna ak terlik (şlýopka) bermeli. Gelin sowgady kabul edip, terlik we ak ellik geýse, bu onuň makullanmagynyň alamaty.
Latyn Amerikasyndaky maşgalalaryň köpüsi garyplyk zerarly çagalar aýakgapsyz gezýän ekenler. Günlerde bir gün köp aýakgap fabriklerine eýe bolan Bleýk Maikoski bu ýurda gelýär we çagalaryň aýakgapsyz gezip ýörendigini görüp, bu ýerde aýakgap öndürýän başga bir kärhana açmagy ýüregine düwýär. Maýkoski kärhanasyny ýola goýýar we mahabatlandyryş yglan edýär. Ýagny bir jübüt aýakgap satyn alana, beýlekisi sowgat berilýär eken. Şondan soň ýüzlerçe müň garyp maşgala täze aýakgaplar satyn alyp bilipdir.
ABŞ-da köne aýakgaplary gaýtadan işleýän ýörite kärhana bardyr. Ýöriteleşdirilen merkezlerinde ulanylan köne aýakgaplar kabul edilýär we sport esbaplaryny ýasamak üçin ulanylýar. Aýakgabyň her böleginiň öz maksady bar.
Reýimbaý TÄJIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.