Siziň üçin...Slider

Maksadyňa tarap hereket et!

15-10-2022 / 42

Elbetde, hemme ynsanyň arzuwy üstünlige ýetip, şadyýan, bagtly durmuşda ýaşamakdyr. Ýöne ýürekde beslän arzuwdyr maksatlarymyza ýetmek ýeňil-ýelpaý iş däl.

Arzuwlarymyzyň hasyl bolmagy üçin onuň ugrunda irginsiz zähmet çekmegimiz we üstünlige ýetmek üçin bolsa sabyr etmegimiz gerek. Ynsanyň işi mydama ugruna bolup durmaýar. Käte ynsan durmuşynda-da şatlykly günleriň öňüne böwet bolýan kynçylyklaryň bolmagy hem mümkin. Ýöne şuny bilmegimiz gerek, her bir üstünlige-de kynçylyklar bilen ýetilýär. Bize tümlük bolup görünýän ýoluň soňunda, elbetde, ýagtylygam bardyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanyňam soňunda kenary bardyr. Bizden öňde-de köp beýik şahslar ýaşap geçdi. Olar hem beýiklige ýeňillik bilen ýetmediler. Durmuşyň agyr günlerini başdan geçirip, soňra üstünlige ýetdiler.

Ýüregiňde umyt uçgunlaryny oýar we maksadyňa tarap öňe hereket et! Kalbyňdaky yhlasyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň we özüňe bolan ynamyň bolanda üstünlige ýetersiň. Elbetde, başarman diýip gorkýan bolmagyňyz ähtimal, ýöne “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly, belki-de yhlas bilen ugrunda ylgasak, bizem üstünlige ýetip bileris. Üstünlige ýetmegiň inçejik syrlary şundan ybarat. Biz hem özümiziň başarnygymyz bilen üstünlige ýetip, bagtly durmuşda şadyýan ýaşalyň!

Ogulnur BABAGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş  (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu