Türkmenistany we türkmen halkyny dostlukly döwlet Gazagystan bilen köpasyrlyk taryhyň, medeniýetleriň we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. 14-15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesinde Gazagystan Respublikasyna ilkinji saparyny amala aşyrmagy türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligi boldy.
Hormatly Prezidentimiziň goňşy Gazagystana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrmagy, saparyň çäklerinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşmagy sebit we dünýä derejesinde özüniň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary bilen işjeň çykyş edýän Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini çözmekdäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy taryh üçin örän gysga döwür bolan şol 30 ýylyň dowamynda ýokary derejä göterildi. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň 140-dan gowragyna gol çekilmegi, Gazagystanyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda ilkinji onluga girýän döwletleriň hatarynda orun almagy, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäginde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şeýle halkara düzümleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasyny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny, Goşulyşmazlyk Hereketini, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Türki Döwletleriň Guramasyny, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny we beýlekileri agzamak bolar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen birnäçe Rezolýusiýalaryň awtordaşy bolup çykyş edendigini bellemek ýerlikli bolar. Şu ýerde ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky hoşniýetlilige we dostluga esaslanýan oňyn gatnaşyklaryň ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek.
Leýli ARAPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.