Düýn — 14-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Jemleýji günde bu ýerde daşary ýurtly senetçileriň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy hem boldy. Daşary ýurtly senetçileriň türkmenistanly kärdeşleri bilen geçiren döredijilik duşuşygy şol bir wagtyň özünde ussatlyk sapagyna hem öwrüldi. Dabaranyň ahyrynda halkara festiwala gatnaşyjylaryň ählisine diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Agşam Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde resmi agşamlyk nahary berildi.
Şeýlelikde, üç günläp dowam eden halkara festiwal öz işini üstünlikli tamamlady. Festiwal oňa gatnaşyjylaryň her biriniň ýüreginde hemişelik galar.
«TürkmenGazet».